Uly adamlaryň, bäbekleriň, hatda käbir jandarlaryň hem pallaýanyny görýäris. Günüň dowamynda näçe gezek pallamalydygy barada anyk pikirler ýok. Adam her gün ortaça 28 gezek pallaýar. Bu, esasan, ukudan oýanylanda we ýatmazdan öň bolup geçýär. Bilermenler adamyň ýadawlyk we içgysgynç ýagdaýlardan başga wagty pallamagynyň saglyk ýagdaýy barada bir zatlary habar berýändigini aýdýarlar. Adaty däl wagty pallamak näsazlyk alamatlaryny (mysal üçin, kislorod ýetmezçiligi) görkezip biler.
Günüň dowamynda ýygy-ýygydan pallaýarsyňyz we munuň sebäbini ýadawlyk bilen baglanyşdyrýarsyňyz. Bilermenleriň pikiriçe, pallamak saglyk bilen bagly birnäçe ýagdaýy habar berýär. Bilermenler pallananda ýüz myşsalarynyň gysylyp-gowşaýandygyny we beýnä barýan gan aýlanyşygyny artdyrýandygyny belleýärler. Bu ýagdaý kelläniň sowadyjy ulgamy bolup hyzmat edýär.
Alymlaryň köpüsi pallamagyň adamyň fiziologik işi bilen bagly ýüze çykýandygyny, ýagny beden bilen baglanyşykly ýagdaýlary habar berýändigini belleýär. Pallamak diňe ýadawlygyň ýa-da ukusyzlygyň däl, eýsem, ýürek ýetmezçiliginiň hem alamaty bolup biler. Bilermenler ýürek agyrysy bolan adamlarda ýa-da ýürege barýan gan aýlanyşygynda kynçylyk dörände beden kislorod ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin şeýle reaksiýa (aşa köp pallamak) görkezip biler diýip belleýärler. Şeýle ýagdaýda döşde agyry peýda bolsa, dem alyşda kynçylyk duýulsa ýa-da baş aýlanma alamatlary ýüze çyksa, derhal lukmana ýüz tutmaly.
Pallamagyň iň köp ýaýran sebäpleriniň biri uky bozulmasydyr. Şeýle-de bolsa, bu diňe bir uklap bilmezlik däl-de, dem alyşda kynçylyk çekmek bilen hem baglydyr. Uklap ýatyrka dem almakda kynçylyk çekýän adamlar oýa wagty aşa köp pallaýarlar. Beden uka giden wagty beýnini oýa saklamak üçin bu mehanizmi ulanýar.
Seýrek duş gelýän bolsa-da, aşa köp pallamak newrologik meseleleriň irki alamaty bolup biler. Mundan başga-da, bejergi alýan mahalyň köp derman içmek, esasan hem, rahatlandyryjy derman serişdelerini ulanmak ýygy-ýygydan pallamaga sebäp bolýar. Bilermenler aşa köp pallaýan adamlara lukmana ýüz tutmagy we saglyk barlaglaryndan geçmegi maslahat berýärler.
PDF









