23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, sergileriň we baýramçylyk konsertiniň, şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.