Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Güýzüň waspçysy, parahatçylygyň şahyry Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti — türkmen pelsepesiniň kämilligi» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildil. Onuň dowamynda şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan täsirli çykyşlara, çeper okaýyşlara hem-de onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlara giň orun berildi.

 Şahyryň ömrüniň manysyny açyp görkezýän, geljegiň öňündäki uly hasabatyny şöhlelendirýän şygyrlaryndan düzülen edebi-çeper çykyşlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymanlary Gözel Şagulyýewa, Saragt Babaýew, Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Nury Allaberdiýew, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Amannepes Şyhnepesow, Begmyrat Weýisow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa, şeýle-de şahyryň uly gyzy Ýazgül Ezizowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen edebiýatynda täze edebi akymy döreden Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi çuňňur pelsepewi pikirlere hem-de özboluşly keşplere baýdyr. Türkmen halkyna bahasyz serpaý ýapan şahyryň döredijiligi ýaz ýakymy bilen gözelleşip, tylla güýzüň gussasy bilen paýhaslanýar, kämilleşýär. Munuň özi şahyryň döredijiliginde pikir bilen duýgynyň bitewüligini emele getirip, onuň şahyrlyk şahsyýetini ebedileşdirýär. Şeýle hem şahyry gören, işleşen deň-duşlarynyň ýatlamalary dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Gurbannazar Ezizowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi dabara özboluşlylyk berdi. Arhiw maglumatlary esasynda taýýarlanan wideoşekillerde şahyryň goşgy okap duran pursatlary aýratyn tolgunma döretdi hem-de tomaşaçylary şahyryň ýaşan döwrüne gaýybana syýahata atardy. Türkmenistanyň halk ýazyjylary Berdinazar Hudaýnazarowyň hem-de Annaberdi Agabaýewiň şahyr hakyndaky arhiw ýazgylarynda saklanyp galan ýatlama çykyşlaryna tomaşa edildi.

Şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň, Läle Begnazarowanyň, Atajan Berdiýewiň ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri söz bilen sazyň gymmatyna düşünmäge, olaryň arasyndaky berk arabaglanyşygy duýmaga ýardam etdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň hem-de Aşgabat şäherindäki 4-nji çagalar sungat mekdebiniň hor toparlary, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň aýdym-sazly çykyşlary, çeper okaýyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti