Türk­me­nis­tan­da gur­lu­şyk we se­na­gat pu­da­gy yk­dy­sa­dy ösü­şiň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zda her ýylyň 3-nji noýabrynda Gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­ni uly buý­sanç we şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär.
Bu se­ne Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, tä­ze şä­her­le­ri, kär­ha­na­la­ry we döw­re­bap inf­rast­ruk­tu­ra­la­ry dö­ret­mek­de zäh­met çek­ýän bi­na­gär­le­riň, gur­lu­şyk­çy­la­ryň, in­že­ner­le­riň we zäh­met­keş­le­riň gü­ni hök­mün­de giň­den bel­le­nil­ýär.
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bu hü­när baý­ram­çy­ly­gy­na ba­gyş­la­nan köp san­ly çä­re­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu hü­när baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk, se­na­gat, hi­mi­ýa, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi» at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we mas­la­ha­ty ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem bu se­nä ga­bat­la­nyp, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Esen­gu­ly et­ra­byn­da kuw­wat­ly­ly­gy gi­je-gün­diz­de 20 müň kub metr bo­lan agyz suw aras­sa­laý­jy des­ga­nyň, Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­ny, Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da ýyl­da 1 mil­li­on 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­myň, Türk­men­ba­şy – Ga­ra­bo­gaz – Ga­za­gys­tan ser­he­di aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Türk­men­ba­şy – Ga­ra­bo­gaz bö­le­gi­niň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da müň­ler­çe tä­ze bi­na, ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my, mek­dep, sag­lyk öýi, me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri, se­na­gat za­wod­la­ry we ýol-ulag des­ga­la­ry gur­lup, hal­ky­my­zyň hyz­ma­ty­na be­ril­di.
Aş­ga­bat şä­he­ri hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ta­nal­ýan paý­tag­ta öw­rül­di. Şä­he­riň keş­bi­ni öz­ger­den «Ak şä­herim Aş­ga­bat» kon­sep­si­ýa­sy gur­lu­şyk­çy­la­ry­my­zyň dö­re­di­ji­lik ba­şar­jaň­ly­gy­nyň we döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän zäh­me­ti­niň mi­we­si­dir.
Se­na­gat pu­da­gy Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň dur­nuk­ly­ly­gy­nyň we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň esa­sy çeş­me­si­dir. Bu ugur­da gaz, ne­bit, hi­mi­ýa, dok­ma, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry, ener­ge­ti­ka we ma­şyn gur­lu­şy­gy ýa­ly köp san­ly ul­gam dur­nuk­ly ös­dü­ril­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki iri se­na­gat tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ahal we­la­ýa­tyn­da gur­lan gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wod, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da­ky po­lip­ro­pi­len we po­lie­ti­len ön­dür­ýän hi­mi­ýa top­lum­la­ry, şeý­le hem ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de döw­re­bap dö­kün önüm­çi­lik top­lum­la­ry ýur­du­my­zyň se­na­gat kuw­wa­ty­nyň dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da di­ňe çig mal eks­port ed­ýän ýurt bol­mak­dan çy­kyp, gaý­ta­dan iş­len­ýän önüm­le­ri ön­dür­ýän döw­let de­re­je­si­ne ýet­ýär. Bu bol­sa yk­dy­sa­dy ga­raş­syz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň mö­hüm şer­ti­dir.
Gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­ni döw­let de­re­je­sin­de da­ba­ra­lar, çä­re­ler bi­len bel­le­nil­ýär. Bu se­ne di­ňe bir hü­när baý­ra­my bol­man, eý­sem, ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na go­şant goş­ýan äh­li iş­gär­le­re bo­lan hor­mat-sar­pa­nyň ny­şa­ny­dyr.

Merdan ABADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.