29-njy oktýabrda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Gurluşyk we senagat toplumynyň ylmy-innowasion ösüşi – bagtyýar geljegiň kepili”atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” dabaraly belleniljek gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirlen halkara ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, aspirantlary, doktorantlary, magistrleri, şeýle hem ylmy edaralarynyň we kompaniýalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amala maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergi hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, doktorantlary hem-de  ylmy edaralarynyň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly alymlar öz halklarynyň binagärlik sungatynyň däp-dessurlary we aýratynlyklary, dünýä döwletlerinde işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman gurluşyk innowasiýalary, täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalary barada gürrüň berdiler. Amatly şäher gurşawyny, tebigat gözelligi bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmek hem-de binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlary bilen baglanyşykly bolan maslahatlaşmalaryň dowamynda orta atylan meseleler uly gyzyklanma eýe boldy.

Umumy mejlisinden soňra maslahatyň işi 4 sany bölümlerde dowam etdirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy wezipesi bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagyny gazanmakdan, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda ylmy pikir alyşmalaryny gurnamakdan we zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak, ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamakdan, önümçilik we ylmy-barlag, gözleg işlerinde ýüze çykýan derwaýys ylmy hem-de amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr.

Häzirki döwürde eziz Watanymyzda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Bu toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär.