Häzirki döwürde eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginlerde ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu pudaklaryň ösüşi okgunly häsiýete eýe boldy. Bu ugurdaky öňdengörüjilikli syýasat we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň durnukly ösüşi, ykdysady taýdan galkynmagy üçin amatly şertleri döredýär.
Milli ykdysadyýetimiziň innowasion esasda ösdürilmegine, ägirt uly tebigy baýlyklardan doly derejede peýdalanmaga, ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn özgertmäge, döwrebap şäherleri we obalary gurmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmekde gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn orun degişlidir. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda «akylly» Arkadag şäheriniň birinji tapgyry ulanmaga berildi. Täze şäheriň birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklere we kuwwata eýedigini tassyklaýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň we onuň sanly gurşawynyň işlenip taýýarlanylmagynyň ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary üçin öz nazary bilimlerini, täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmak üçin özboluşly mekdep bolandygy bellärliklidir.
Ýurdumyzda gurluşyk pudagynda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ilaty we gurluşyklary ýerli çig malyň esasynda öndürilen ýokary hilli senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik döredi. Pudagyň kärhanalarynda sement, magdan däl gurluşyk serişdeleri, diwarlyk paneller, timarlaýyş, gidroizolýasiýa materiallary, metal önümleri, aýna, gurnama demir-beton önümleri, keramzit, kaolin we beýleki gurluşyk serişdeleri öndürilýär.
Bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugruny saýlap alan Türkmenistan telekeçilik işini, işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döredýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary döretmäge, senagat, durmuş-medeni maksatly dürli desgalaryň gurluşyklaryna işjeň gatnaşýarlar, ýokary hilli inženerçilik-tehniki hyzmatlary hödürlemekde, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, senagat enjamlaryny gurnamakda we işe girizmekde ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Ýol gurluşygynyň meýilnamalary üstaşyr ulag geçelgelerini giňeltmek, ýurdumyzyň multimodal ulag geçelgeleriniň sebit we halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagy boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy, ýük daşamak, elektroenergetika ýaly beýleki möhüm ugurlarda hem telekeçiligiň paýy ýylsaýyn artýar. Türkmen telekeçileri döwletiň uly goldawyndan ruhlanyp, işiň täze ugurlaryny, şol sanda elektron senagaty hem özleşdirýärler.
Ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan ösdürmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň kuwwatly infrastrukturasyny kemala getirmek boýunça uly işler bitirildi. Hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, pudagyň ylmy-tehniki binýadyny berkitmäge, oňa netijeli dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Gurluşyk we senagat toplumyny ösdürmäge berilýän uly üns hem-de işlemäge döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.
Kakajan Berdiýew,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri.
PDF








