Köp kirişli gadymy saz guraly bolan gusli «Russiýanyň guslýarlarynyň ýaryşy» bäsleşiginde milli saz guraly hökmünde ykrar ediler.
Bäsleşigiň guramaçylarynyň bellemegine görä, gusli Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Döwlet Dumasynyň goldamagynda ilkinji gezek resmi dereje alar. Ýagny 7-nji fewralda onuň milli saz guraly diýlip resmi yglan edilmegi barada memoranduma gol çekiler.
«Russiýanyň guslýarlarynyň ýaryşy» bäsleşiginiň guramaçylyk toparynyň başlygynyň aýtmagyna görä, guslileriň ykrarnamasy ýurduň medeni garaşsyzlygyny alamatlandyrýar. Bu saz guraly ata Watana, ene topraga söýgi hem-de öz kökleriňe, milli ruhy gymmatlyklara çuňňur sarpa goýmak duýgusyny terbiýeleýär diýip, russiýaly saz hünärmenleri aýdýarlar.
PDF









