BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş mukaddes Remezan aýynyň başlamagy mynasybetli dünýäniň ähli musulmanlaryna ýüzlenip, bu aýyň ruhy oýlanmalaryň, doga-dilegleriň we parahatçylyga ymtylmagyň wagty hökmündäki wezipesini nygtady.
Baş sekretaryň aýtmagyna görä, Remezan özünde “umydyň we parahatçylygyň asylly garaýyşlaryny” jemleýär, emma millionlarça adam üçin bu maksatlar elýetmezligine galýar. BMG-niň ýolbaşçysy halkara jemgyýetçiligini Remezanyň esasy ýüzlenmesine gulak asmaga – gapma-garşylyklary ýeňip geçmäge çalyşmaga, ejir çekýänlere kömek etmäge hem-de her bir adamyň hukugyny we mertebesini goramaga çagyrdy.
Guterriş her ýyl Remezan aýynyň başynda öz şahsy däbine eýerip, musulman jemgyýetleriniň birine barýandygyny we raýdaşlyk nyşany hökmünde agyz bekleýändigini ýatlatdy. “Men her ýyl Remezanyň berýän parahatçylyk we rehimdarlyk ideýalaryndan ylham alýaryn” diýip, ol belledi.