Güýz pasly ýyly tomus paslyndan sowuk gyş paslyna geçilýän döwür bolup, bu döwürde howanyň temperaturasy üýtgeýär, ýagyşly, şemally günler köp bolýar. Şol sebäpli bu döwürde adamyň immun ulgamy, ýagny bedeniň kesele garşy göreşijilik ukyby peselip bilýär. Şonuň üçin her bir adam öz saglygyna aýratyn üns bermeli, bedeniň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmeli. Güýz paslynda dümew, sowuklama, ýokanç keseller ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek möhüm ähmiýete eýedir.
Immunitet bedeniň dürli mikroblara, wiruslara, sowuklama sebäpli ýüze çykýan kesellere garşy durmagyny üpjün edýän gorag ulgamydyr. Güýz paslynda sowuk howa, çyglylyk we ýylylyk derejesiniň üýtgemegi immun ulgamynyň işine täsir edýär. Şeýle ýagdaýda bedeniň garşylyk kuwwatyny saklamak üçin dogry iýmitlenmek, hereketli bolmak we bedeniň ýylylygyny goramak zerurdyr.
Bedenimiziň kesele garşy ukybyny ýokarlandyrmakda dogry iýmitlenmegiň orny uludyr. Güýz paslynda bedene zerur bolan witaminleriň we mineral maddalaryň ýetmezçiligi ýüze çykyp bilýär. Şonuň üçin iýmitiň düzüminde aşakdakylara üns berilmeli:
A, C, D we E witaminleri;
demir, kalsiý, magniý ýaly mineral maddalar;
miweler (alma, nar, mandarin, banan), gök önümler (sogan, sarymsak, kädi, burç) köp ulanylmalydyr.
Bu iýmitler bedeniň energiýa goruny artdyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar we immun ulgamyny güýçlendirýär.
Sport we bedenterbiýe bedeniň kesele garşy tebigy galkanlarynyň biridir. Güýz paslynda açyk howada gezelenç etmek, ýeňil türgenleşikler, irden bedeni gyjyndyrýan hereketleri ýerine ýetirmek örän peýdalydyr. Yzygiderli bedenterbiýe bedeniň gan aýlanyşyny gowulandyrýar, öýkeniň işini güýçlendirýär we bedeniň ýylylygyny kadalaşdyrýar. Şeýlelikde, adamyň immuniteti berkeýär.
Güýz paslynda sowuklama sebäpli ýüze çykýan dümew we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryna berk eýermeli. Eli yzygiderli sabyn bilen ýuwmaly, eşikler howa şertine görä saýlanmaly.
Adam bedeni diňe fiziki taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem durnukly bolanda sagdyn ýagdaýda bolýar. Güýz paslynda ýadawlyk, ukusyzlyk, stress ýagdaýlary immun ulgamyny gowşadýar. Şonuň üçin her gün azyndan 7–8 sagat uklamak, tertipli iş-dynç alyş düzgüni saklamak, kitap okamak, saz diňlemek, tebigatda gezelenç etmek ýaly dynç alyş görnüşleri peýdalydyr.
Sagdyn durmuş ýörelgesi diňe güýzde däl, eýsem, ýylyň ähli paslynda adamyň saglygyny goramagyň, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň hem-de üstünlik gazanmagyň açarydyr.
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.
PDF









