Güýz pasly gyzyl, sary we mämişi ýapraklaryň öwüşgini bilen jadyly dünýäni emele getirýär. Güýz agraslygyň, pikirleriň durlanýan pasly bolup, sary dona bürenen tebigata gezelenç etmek, ýaprak düşelen ýodalardan ýöräp, daş-töweregiň gözelligini synlamak her bir adamyň kalbynda ajaýyp duýgulary döredýär. Howanyň salkynlaýan bu möwsümi syýahat etmek üçin amatlydyr. Syýahatçylyk agentlikleriniň maslahat bermegine görä, Pariž, Täze Orlean, Ontario, Rim, Toskana ýaly şäherler güýz paslynda syýahat edilmeli iň owadan şäherler hasaplanýar. Şeýle şäherleriň arasynda altynsow tebigaty bilen görenleri haýran edýän Nýu-Hempşir hem bar.
ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryndaky Täze Angliýa sebitinde ýerleşýän Nýu-Hempşir şäheri günortada Massaçusets, günbatarda Wermont, gündogarda Maýn aýlagy we demirgazykda Kanadanyň Kwebek welaýaty bilen araçäkleşýär. 1 milliondan gowrak ilaty bolan bu şäherde, esasan, fransuzlar we iňlisler ýaşaýar. Senagat taýdan çalt ösýän şäherleriň biri bolan Nýu-Hempşirde dokma, köwüş we kagyz önümçiligine uly üns berilýär. Şäherde alma, şetdaly, armyt, alça ýaly miweli agaçlaryň dürli görnüşleri, pagta, bugdaý ýaly oba hojalyk ekinleri köp ekilýär. Nýu-Hempşirde 800-den gowrak köl we howuz bolup, Merrimak we Konnektikut derýalary akyp geçýär. 24 müň 97 inedördül kilometr meýdany bolan Nýu-Hempşir ýurt boýunça iň köp agaç meýdanlary bolan şäher hasaplanýar. Tokaýlaryň esasy bölegini gyzyl dub, Gündogar ak sosnasy, gyzyl klýon, kagyz ýasalýan berýoza, şekerli klýon, uly ýaprakly buk ýaly agaçlar emele getirýär. 1900-nji ýylyň başynda Nýu-Hempşirde daşky gurşawy goramak maksady bilen agaç çapmaklyga garşy gadagançylyk girizilýär. Şeýle hem 1970-nji ýylda tokaýlary goramak maksady bilen ýurtda nebit gazylyp alnyşyny çäklendirmek hakynda kanun kabul edilýär.
Daş-töweregi daglyk we tokaýlyk bilen gurşalan Nýu-Hempşir syýahatçylyk pudagynda dynç alyş merkezi hökmünde tanalýar. Uly demirgazyk tokaýy, Ak daglar, Merrimak jülgesi, Monadnok daglary hem-de Dartmut-Sunapee köl we tokaý sebiti Nýu-Hempşiriň meşhur ýerleri hasaplanýar. Nýu-Hempşir ABŞ-nyň iň gysga umman kenaryna eýe bolan şäheri bolup, uzynlygy bary-ýogy 29 kilometre ýetýär. Şäherde adatça harasat we şemally günler köp bolýar.
Şäherde syýahatçylar üçin birnäçe çäreler hödürlenip, olaryň arasynda tebigatdaky gezelençler esasy orny eýeleýär. Şäherde iň esasy çäreler güýz paslynda başlanýar. Bu möwsümde Nýu-Hempşire barýan syýahatçylaryň sany has-da artýar. Tokaýda ýere gaçan sary ýapraklaryň üstünde gezelenç etmek, kölleriň kenarynda çadyr gurup, balyk tutmak, ýyldyzlary synlamak, şeýle hem deňiz kenarynda motosikl sürmek we awtoulag sporty bilen meşgullanmak ýaly dynç alyş çäreleri hödürlenýär. Bu ýerde gyşky sport görnüşleri bilen meşgullanmak üçin Monadnok dagynyň depesinde lyža meýdançalary bar.
Nýu-Hempşiriň ähli ýerinde diýen ýaly gara aýa duş gelmek bolýar. Şeýle hem tokaýlarda marten, Kanada links (pişik), los, gyzyl tilki, ilka, puma, çal tilki, garter ýylany, agaç pyşbagasy we guşlaryň dürli görnüşleri duş gelýär. Nýu-Hempşire her ýyl 13 milliondan gowrak syýahatçy barýar.