Gwineýanyň Ýokary kazyýeti 4-nji ýanwarda 2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň gutarnykly netijelerini tassyklady. Ýokary kazyýet sesleriň 86,72 göterimine eýe bolan Mamadi Dumbuýany Gwineýanyň Prezidenti diýip mälim etdi.
Žurnalistler üçin geçirilen brifingde Ýokary kazyýetiň başlygy Fode Bangura ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, Dumbuýanyň ýedi ýyllyk möhlet bilen prezidentlige saýlanandygyny resmi taýdan habar berdi.
Gwineýanyň Saýlawlar boýunça baş direksiýasynyň mundan öň çap eden maglumatlaryna görä, saýlawlara gatnaşmak üçin 6,8 milliona golaý saýlawçy hasaba alyndy. Saýlawçylaryň gatnaşygy ilki 80,95 göterim derejesinde diýlip yglan edildi, emma soňra Ýokary kazyýet tarapyndan bu görkezijä gaýtadan seredildi we 82,86 göterime çenli ýokarlandyryldy.
Esasy Dünýä täzelikleri Gwineýanyň Ýokary kazyýeti Dumbuýanyň Prezident saýlawlaryndaky ýeňşini tassyklady
PDF









