Dün­ýä­niň iň gym­mat Bar­bie gur­ja­gy “Chris­tie’s” auk­si­on öýün­de 302,5 müň dol­la­ra sa­tyl­dy. Gur­jak­dan al­nan gir­de­ji­niň süýt mäz­le­ri­niň rak ke­se­li gaz­na­sy­na ber­len­di­gi tas­syk­la­nyl­ýar. Bu ba­ra­da “NY Post” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Oňa şeý­le ýo­ka­ry ba­ha ke­sil­me­gi, gur­ja­ga gül­gü­ne göw­her­den ýa­sa­lan, bir ka­rat öl­çeg­li mon­juk da­ky­nan­dy­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Bar­bi üçin öz­bo­luş­ly be­zeg şaý-sep­le­ri awst­ra­li­ýa­ly zer­gär Ste­fa­no Kan­tu­ri ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di.
Ne­şir­de Gre­ta Ger­wi­giň tä­ze “Bar­bie” fil­mi­niň tö­we­re­gin­dä­ki şow­hun se­bäp­li tu­tuş Ame­ri­ka­ny gap­lap alan “bar­bi­ma­nia” ne­ti­je­sin­de, gur­ja­gyň nyrh­la­ry­nyň has-da ýo­kar­la­nan­dy­gy­ny bel­le­nil­ýär. Şeý­le­lik­de, 1959-njy ýyl­da çy­kan we şol wagt ba­ry-ýo­gy 3 dol­la­ra ba­ha­sy bo­lan il­kin­ji Bar­bie gur­ja­gy in­di “eBay” plat­for­ma­syn­da 25 müň dol­la­ra sa­tyl­ýar.
Il­kin­ji Bar­bie gur­ja­gy­ny 1945-nji ýyl­da ame­ri­ka­ly işe­wür ze­nan Rut Hend­ler ýa­sap­dy. Rut adam­sy bi­len “Mat­tel” oýun­jak kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dyr­dy we gur­ja­ga gy­zy Bar­ba­ra­nyň ady­ny da­kyp­dy.