Gyrgyz Respublikasynda şu ýylyň 31-nji awgust 6-njy sentýabr aralygynda geçiriljek Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlaryny kabul ediji tarap hökmünde işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada ýuduň “Kabar” milli habarlar agentligi habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, oýunlaryň açylyş dabarasy ýurduň paýtagty Bişkekde 51 müň tomaşaçy üçin niýetlenen “Bişkek Arena” stadionynda geçiriler, şondan soň çäreler Yssyk-Köl welaýatynda dowam eder. Oýunlar sportuň 43 görnüşi boýunça guralar. Maksatnama gazaklaryň milli oýny bolan “gökpöri” (kokpar) we ýakutlaryň milli göreşi bolan “hapsagaý” hem giriziler.
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň halkara sekretariatynyň ýolbaşçysy Nursultan Adenowyň sözlerine görä, oýunlarda 90-dan gowrak ýurduň wekillerini kabul etmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 400 wekiliniň gelmegine garaşylýar.
“Aprel aýynda guramaçylyk işleri tamamlanar. 1-nji maýdan halkara gatnaşyjylaryň onlaýn akkreditasiýasy başlar we ol 1-nji iýula çenli dowam eder. Guramaçylyk komiteti öz işiniň jemleýji tapgyryna geçýär, howanyň ýylamagy bilen bolsa infrastrukturany abatlamak we taýýarlamak işlerine girişeris” diýip, N.Adenow habar berdi.
“Petekler diňe açylyş we ýapylyş dabaralary üçin satylar. Olar eýýäm aprel aýynda onlaýn görnüşde elýeterli bolar. Beýleki sport ýaryşlary we medeni maksatnamalar hem syýahatçylar, hem ýerli tomaşaçylar üçin mugt bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary çarwa halklaryň milli oýunlaryny we medeniýetini birleşdirýän halkara medeni-sport çäresidir. Bu çäre çarwa siwilizasiýasynyň mirasyny gorap saklamaga we ony bütin dünýäde wagyz etmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, oýunlar döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we global syýahatçylygy ösdürmekde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary ilkinji gezek 2014-nji ýylda Gyrgyzystanda geçirildi. Olaryň yzyndan 2-nji we 3-nji oýunlar, degişlilikde, 2016-njy we 2018-nji ýyllarda şol bir ýurtda geçirildi. Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlary 2022-nji ýylda Türkiýede, 5-njisi bolsa 2024-nji ýylda Gazagystanda geçirildi.