2025-nji ýylda Gyrgyzystanyň Täjigistan bilen haryt dolanşygy 36 million ABŞ dollaryna barabar boldy we 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, 24 esse artdy. Bu barada anna güni Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy — Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew Bişkekde Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda aýtdy.
A.Kasymaliýew iki döwletiň Baştutanlary tarapyndan haryt dolanşygyny 500 million dollara ýetirmek wezipesiniň goýlandygyny belledi we bu maksada ýetmek üçin doly taýýardygyny mälim etdi.
Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň ýolbaşçysy Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady.
K.Rasulzoda, Gyrgyzystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurdygyny belledi.