Kemin etrabynda Gyrgyzystanyň taryhyndaky ilkinji Gün energiýa bekedi ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow gatnaşdy.
Täze desganyň kuwwaty 100 megawata deň bolup, ol takmynan, 230 gektar meýdany tutýar. Bu taslama hytaýly maýadarlar bilen bilelikde durmuşa geçirildi we oňa goýlan maýa goýumlaryň umumy möçberi 56 million dollara barabar boldy.
Dabara wagtynda döwlet Baştutany bu senäniň ýurt üçin taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ol gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň Gyrgyzystanyň strategik taýdan ileri tutýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
-Gidroelektrik stansiýalaryny gurmak bilen bir hatarda, Gün we ýel energiýasyny öndürmek biziň energetika ulgamyndaky esasy strategik maksatlarymyzyň biridir. Şu gün biz şeýle desgalaryň ilkinjisini ulanmaga berýäris. Bu hakykatdan hem taryhy gündür – diýip, Žaparow aýtdy.
Energetika ministri Taalaýbek Ibraýewiň bellemegine görä, bu beket Tokmok şäherini we Kemin etrabyny elektrik energiýasy bilen doly üpjün edip biler.
-Kemin etrabynyň sarp edýän elektrik energiýasy, takmynan, 25-30 megawata deňdir. Bu stansiýa gündiz iki etraby elektrik energiýasy bilen üpjün edip bilýär. Geçen we şu ýylyň suw ýetmezçiligi zerarly kyn geçendigini göz öňünde tutsak, bu taslamanyň ähmiýeti has-da artýar. Gün bekediniň işledilmegi gidroelektrik stansiýalaryna düşýän agramy azaltmaga we şunlukda, Toktogul howdanyndaky suwy tygşytlamaga mümkinçilik berer – diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi.
PDF









