Gyrgyzystanda Prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň 24-nji ýanwaryna meýilleşdirildi. Şeýle karary ýurduň Konstitusion kazyýeti kabul etdi.
TASS-yň habar bermegine görä, «Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlary “Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň “Žogorku Keneş”-iniň deputatlarynyň saýlawlary hakyndaky” Gyrgyz Respublikasynyň Konstitusion kanunynyň 10-njy babyna laýyklykda, 2027-nji ýylyň ýanwar aýynyň dördünji ýekşenbesinde (2027-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda) geçirilmeli, olaryň bellenilmegi bolsa “Žogorku Keneş” tarapyndan ses berilýän günden iň gijinden dört aý öň (2026-njy ýylyň 24-nji sentýabryndan gijä galman) amala aşyrylmalydyr» diýlip, kazyýetiň habarynda aýdylýar.
PDF








