Gyş pasly howanyň sowamagy, günüň gysgalmagy we adamlaryň köplenç ýapyk ýerlerde bolmagy bilen häsiýetlenýär. Bu ýagdaýlar wirusly keselleriň, aýratyn-da dümewiň we sowuklama bilen bagly ýokançlyklaryň ýaýramagyna getirýär. Şonuň üçin gyşda saglygyňy goramak aýratyn ähmiýete eýedir.
Sowuk howa bedeniň goranyş ulgamyny gowşadyp biler. Gün şöhlesiniň azalmagy D witamininiň derejesiniň peselmegine getirýär, bu bolsa immun ulgamynyň işine täsir edýär. Mundan başga-da, ýapyk ýerlerde köp adam bilen bile bolmak wiruslaryň tiz ýaýramagyna sebäp bolýar.
Bedeniň goranyş ulgamyny güýçlendirmek üçin witaminlere we minerallara baý iýmitleri iýmeli. Miweler, gök önümler, balyk, hoz, süýt önümleri immuniteti berkidýär. Eli ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmak, ýüzüňe el degirmezlik we üsgürilende agzyňy ýapmak wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni alýar.
Yzygiderli fiziki işjeňlik gan aýlanyşyny gowulandyrýar we bedeniň goranyş ukybyny artdyrýar. Gyşda öýde ýa-da açyk howada ýeňil maşklary etmek peýdalydyr. Her gün 7–8 sagat ukyňy almak immun ulgamynyň kadaly işlemegi üçin möhümdir. Öýde ýa-da iş ýerinde howany ýygy-ýygydan çalşyp durmak wiruslaryň ýygnanmagynyň öňüni alýar.
Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde, paslyň talaplaryna laýyk geýinmeli. Daşaryk çykanyňyzda bedeniňizi ýyly saklaýan egin-eşikleri geýinmeli. Bedeniňiziň dem almagy üçin özüňize rahat egin-eşikleri saýlamaly. Aýagyňyzy gysýan aýakgap geýmeli däl. Çünki şeýle aýakgaplar siziň gan aýlanyşyňyzyň kadasyny bozar.
Gyş paslynda burnuňyzdan dem almaly. Burun geçelgelerinden geçýän howa bokurdaga barýança gyzýar, bu bolsa bokurdakda döräp biljek keselleriň öňüni alýar.
Dogry durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk düzgünleri we sagdyn iýmitlenmek arkaly wiruslardan goranmak mümkindir.
Saglygymyza jogapkärçilik bilen çemeleşmek gyş paslyny sagdyn geçirmegiň esasy şerti bolup durýar.
Döwletmyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
PDF









