Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň kö­pü­sin­de gyş­ky sa­gat düz­gü­ni­ne ge­çil­di. Gü­nüň ýag­ty­ly­gyn­dan has köp peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len wagt gy­şy­na bir sa­gat yza süý­şü­ril­ýär. Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da köp ýyl­lar­dan bä­ri ula­nyl­ýan bu düz­gün 2001-nji ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de ka­nun­laş­dy­ryl­dy. Bu düz­gü­ne gö­rä, her ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de sa­gat­lar bir sa­gat süý­şü­ril­ýär. Gel­jek ýy­lyň 29-njy ap­re­lin­de sa­gat­lar öňe süý­şü­ri­lip, ýe­ne öň­kü­si ýa­ly bo­lar. Şeý­le­lik­de, ir­den Gün ozal­ky gün­ler­den ir dog­ýar, gi­je­si­ne has ir ga­raň­ky düş­ýär. Bu bol­sa, Günüň ýag­ty­ly­gyn­dan has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga we ýag­ty­lyk üçin sarp edil­ýän elektrik ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu düz­gün­den, esa­san, De­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da­ky Ýew­ro­pa we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka ýurt­la­ryn­da, şeý­le hem Mü­sür­de, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da hem-de Awstra­li­ýa­nyň bir­nä­çe se­bi­tin­de peý­da­la­nyl­ýar.

Didar PÜRDEKOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinň ýürek-damar hirurgiýasy okuwly gospital hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.