Ada­myň iň uly baý­ly­gy sag­ly­gy­dyr. Mu­nuň üçin luk­man­lar ýö­ne­keý, em­ma örän wa­jyp bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler. Luk­man­la­ryň ber­ýän mas­la­hat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len siz di­ňe bir öz sag­ly­gy­ňyzy­ däl-de, eý­sem daş-tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki adam­la­ryň sag­ly­gy­ny hem go­ra­rsyňyz. Gyş pas­lyn­da iý­ýän hem-de geý­ýän zat­la­ry­my­za äh­mi­ýet ber­me­li. Be­de­ni gy­syp du­ran zat­la­ry geý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär, be­de­niň dem al­ma­gy üçin ra­hat egin-eşik­le­ri saý­lap al­ma­ly. Her möw­süm­de ze­rur bol­şy ýa­ly gyş pas­lyn­da hem im­mu­ni­te­tiň güýç­li bol­ma­gy ze­rur­dyr. Mu­nuň üçin pas­lyň esa­sy mi­we­dir gök-bak­ja önüm­le­rin­den iý­mit­len­me­li. Olar man­darin, apel­sin ýaly önümlerdir. Gü­nüň gys­gal­ýan­dy­gy üçin be­de­ne D wi­ta­mi­ni­ne, C wi­ta­mi­ni­ne, ome­ga kis­lo­ta­la­ry­na, mag­niý, kal­siý we ýod ýa­ly mad­da­la­ra ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Bu mad­da­la­ry te­bi­gy ýol­lar bi­len ka­bul et­mek has peý­da­ly­dyr.

Per­hat ESEN­GU­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.