Sözsüz düşünişmek
Ýigit heniz el hasasyna öwrenişmändi. Awtobusa münmek üçin kynçylyk çekýärdi, üstesine awtobusdaky ähli ýolagçylaryň nazary oňa gönügipdi.
Utanmakdan ýaňa gara der bolan ýigit awtobusyň basgançaklaryna münmäge jan edýärdi. Birdenkä sürüji kellesini penjireden çykaraga-da ýoluň garşy tarapyna haýran galyjylyk bilen seretmäge başlady. Ony gören ýolagçylar ýigide seretmegini bes edip, bilesigelijilik bilen ýoluň garşy tarapyna seretdiler. Emma hiç kimiň gözüne üýtgeşik zat görünmedi.
Ýigidiň awtobusa münüp, jaýlaşykly ýerleşenini gören sürüji awtobusy sürüp ugrady.
Ýolagçylar sürüjini haýran galdyran zadyň nämedigini bilip bilmediler. Ýigit bilen sürüji bolsa aýnada biri-birine ýylgyrmak bilen düşünişdiler.
Girdeji nirede?
Ençeme ýyllardan bäri çaýhananyň eýesi girdeji hasap-hesibini özüçe ýöredýärdi. Pul salynýan çekmäniň sag tarapyndaky gutujyga alynmaly harytlaryň puluny, gündelik girdejini çekere, tölenen dürli tölegleriň çeklerini hem çep tarapdaky gutujyga salyp goýýardy.
Çaýhana eýesiniň körpe ogly söwda ugrundan okap, ýokary bilimli hasapçy bolansoň, kakasynyň hasap ýöredişine ilk-ä haýran galdy, soňam onuň iş ýöredişine öz ýanyndan nägile boldy. Ahyry bir gün:
– Kaka, girdeji-çykdajyňy ýöredişiňe hiç düşünip bilemok. Arassa girdejiňi nädip hasaplaýarsyň? – diýip sorady. Onda kakasy:
– Gulak as, oglum. Şu ýere ilki gelenimde bar baýlygym egnimdäki paltomdy. Bu gün agaň lukman, sen hasapçy, gyz doganyň mugallym. Ejeň ikimiziň kaşaň awtoulagymyz, şäherde hem obada öýümiz bar. Işimiz şowly gidip dur, hiç kime bergimiz ýok. Şolary jemle-de, egniňdäki paltony aýyr, şonda girdejini bilersiň – diýýär.
Aslynda, hakyky girdeji noldan başlap, nirelere ýetendigiňdir. Ýyllar geçse-de könelmeýän we gymmatyny ýitirmeýän ýeke-täk hasap ynsanyň öz yzynda goýan sarsmaz binýadydyr.
Duşuşyk güni
Synpdaşlar uçurym bolanlaryndan ýigrimi ýyl geçenden soň duşuşdylar. Olar mekdepde okan döwürlerinde bolup geçen gyzykly başdangeçirmelerini ýatlaşyp uzak oturdylar.
Olaryň biri ikinji synpda okadan surat mugallymyny ýatlap, ondan ömürlik hoşaldygyny, hut şonuň ugrukdyrmagy bilen ýokary okuw mekdebiniň professory bolandygyny, durmuşyndan razydygyny aýdýar.
Agşamara ol mugallymy bilen duşuşýar, olar ep-esli wagt söhbet edýärler. Hoşlaşyk wagty gelende mugallym:
– Özüm hakynda aýdan ýakymly sözleriň üçin sag bol! Meniň tutuş günümi ýakymly duýgulara beslediň – diýýär.
Şonda okuwçysy oňa şeýle diýýär:
–Ýok, mugallym, gaýtam men sizden hoşal. Siz meniň günümi däl, tutuş ömrümi bagta beslediňiz!
Terjime eden Jemşit DURDYÝEW,
Dänew etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF








