Te­bi­ga­ty­my­za be­zeg ber­ýän pa­syl­lar öz­bo­luş­ly­ly­gy, gö­zel­li­gi, gör­nüş aý­ra­tyn­ly­gy bi­len yn­san sag­ly­gy­na, duý­gu­la­ry­na, hat­da aňy­na hem tä­sir ed­ýär­ler. Hut şo­nuň üçin hem adam­la­ryň kö­pü­si­ne öz be­den gur­lu­şyn­da bo­lup geç­ýän öz­ge­riş­lik­le­ri pa­syl bi­len bag­la­mak mah­sus­dyr. Gyş pas­ly­na hem şeý­le hä­si­ýet­ler de­giş­li bo­lup, onuň gel­me­gi bi­len bi­ziň özü­miz­den baş­lap öýü­mi­ziň içi­ne çen­li üýt­geş­me­ler gur­şap al­ýar. Ýy­ly egin-eşik­le­ri ge­ýip, öý­de hem iş ýer­le­ri­miz­de ýy­la­dy­jy en­jam­la­ry ulan­mak bi­len, biz gyş pas­ly­nyň so­wuk ho­wa­syn­da üşe­mez­lik üçin müm­kin bo­lan şert­le­ri döredýäris.
Eý­sem, gyşyň so­wuk ho­wa­sy yn­san sag­ly­gyna nä­hi­li tä­sir ed­ýär, bu hak­da umu­my ne­ti­jä ge­lip bo­lar­my? So­wuk ho­wa yn­san­da dü­mew, so­wuk­la­ma ýa­ly sö­kel­lik­le­ri dö­ret­mä­ge go­laý bol­sa-da, peý­da­ly ta­rap­la­ry hem bar. Mu­ny bil­mek we on­dan peý­da­lan­mak sag­ly­gy­my­zy ber­kit­mäge oňyn tä­si­r eder.
Gyşyň peý­da­ly ta­rap­la­ry­nyň bi­ri, eko­lo­gi­ýa­nyň gör­ne­tin go­wu­lan­ma­gy­dyr. Bu pa­syl­da kis­lo­rod öň­kü­den 1,5 es­se ar­typ, ada­ma ar­ka­ýyn dem al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Üs­te­si­ne, ho­wa­nyň so­wuk­dy­gy se­bäp­li onuň dü­zü­min­de zy­ýan­ly mik­rob­lar hem ju­da az bol­ýar.
So­wu­gyň ýene bir tarapy hem, ada­myň en­da­myn­da­ky dö­wük-ýen­jik ýa-da çi­şen ýer­le­ri be­jer­mä­ge ukyp­ly­ly­gy­dyr. Biz dur­muş­da mu­ny be­de­ni­mi­ziň ze­per ýe­ten ýer­le­ri­ne buz­ bö­lek­le­rini ýa-da so­wuk su­wa ezi­len sü­tük­li ma­ta­ny ýap­mak ar­ka­ly be­je­re­ni­miz­de hem göz ýe­tir­ýä­ris. Eger-de kel­le do­wam­ly agyr­ýan bol­sa, on­da so­wuk ho­wa­da birsalym ge­ze­lenç et­mek hiç hi­li der­man iç­mez­den sap­la­nmaga peýda edip biler. Şeý­le ge­ze­lenç­ler sus­su­pes­lik­den, göw­nü­çök­gün­lik­den ha­las edip, şäh­diňi açýar. Bu, esa­san hem, uzak­ly gün komp­ýu­te­riň ba­şyn­da otu­ryp iş­le­me­li bol­ýan adam­lar üçin ze­rur­dyr. Ola­ra gy­şyň so­wuk ho­wa­syn­da py­ýa­da ge­ze­lenç et­mek beý­ni iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, pi­kir­le­ri­ni dur­la­ma­ga, iş­le­mä­ge bo­lan hö­we­si art­dyr­ma­ga kö­mek eder.
Gyş pas­ly da­şa­ryk çy­ky­lan­da esa­sy go­ral­ma­ly ýer­ler el-aýak we bo­ýun­dyr. Eger-de şol be­den ag­za­la­ry­ňyz go­rag­ly bol­ma­sa eg­ni­ňi­ze her­nä­çe ýy­ly eşik ge­ýe­ni­ňiz bi­len hem, ba­ry­bir üşär­si­ňiz. So­wuk ho­wa­da da­şa­ryk çy­ka­ny­ňyz­da eli­ňi­ze el­lik, aýa­gy­ňy­za ýy­ly jo­rap we aýak­gap ge­ý­se­ňiz, on­da ho­wa­nyň so­wuk­ly­gy si­ze tä­sir et­mez, gaý­ta aras­sa ho­wa­dan dem alyp, sag­ly­gy­ňy­zy ber­ki­der­si­ňiz. El­bet­de, is­len­dik za­da hem çen-çak bi­len çe­me­leş­mek ýü­ze çy­kyp bi­läý­jek zy­ýan­ly ýag­daý­lar­dan go­ra­ýar. Bu äti­ýaç­ly­gy gyş pas­lyn­da hem el­den ber­män, öz sag­ly­gy­ňy­za yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­mek, ýo­kum­ly iý­mit­ler bi­len iý­mit­len­mek ar­ka­ly be­de­ni­ňi­zi ber­kit­se­ňiz, gyş pa­slyn­da has sag­dyn bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ňiz bar­dyr.
Goý, dur­mu­şy­my­zy be­ze­ýän her bir pa­syl­da sag­dyn ýa­şa­mak hem­mä­mi­ze ne­sip et­sin!

Baýnazar Arbadow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.