Pasyllar soltany baharyň gelmegi bilen tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenýär. Daragtlar pyntyk ýaryp daş-töwerek gaýtalanmaýan ajaýyp keşbe eýe bolýar. Baharyň ilkinji günlerinde toý dabaralara beslenilip, tutulýan Halkara zenanlar baýramy hem goşa baýram goşa toý kimin ýürekleri joşa getirýär. Baharyň şu ajaýyp pursatlarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çarjew etrap komitetiniň bilelikde guramaklarynda etrap medeniýet öýünde “Gyz edebi – il edebi” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaraly maslahata Çärjew etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap bilim bölüminiň, medeniýet bölüminiň işgärleri, etrap hassahanasynyň lukmanlary, şepagat uýalary, dilleri senaly ak sakgally gojalarymyz, kümüş saçly enelerimiz, oba adamlary gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda täsirli çykyşlar edilip, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, pederlerimizden miras galan edep-ekramlylyk ýörelgelerine uýmaklyga we olar berk berjaý etmeklige çagyryldy. Her bir çykyş edenler Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekleriniň töründen syzylyp çykýan çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, türkmen zenanlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutladylar. Çäräniň soňunda zähmetde tapawutlanan zenanlara , kümüş saçly enelerimize sowgatlar gowşuryldy.
Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany adyna eýe bolan 2026-njy ýylda geçirilýän çäreleriň çäklerinde geçirilen bu dabaraly maslahatyň esasy maksady ýurdumyzy gelejekde dolandyrjak ýaşlaryň milli ahlak sypatlarda, edepli-ekramly, terbiýeli, ene-atalaryna, Ata Watanymyza wepaly ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmakdan şeýle-de Halkara zenanlar baýramyny dabaralandyrmakdan ybarat boldy.

Maýsa Berdiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.