Hytaýyň Hainan adasynda sebit we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen 25-nji Boao Aziýa forumy (BAF) açyldy. “Umumy geljegi kemala getirýäris: täze dinamika, täze mümkinçilikler, täze hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçýän çäre 24-27-nji mart aralygynda dowam eder.
Forumyň iň möhüm bölegi bolan döwlet Baştutanlarynyň we hökümet wekilleriniň gatnaşmagyndaky umumy mejlis 26-njy martda bolar. Oňa Hytaýyň Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň hemişelikm komitetiniň başlygy Çžao Leszi, Koreýa Respublikasynyň, Singapuryň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary wezipeli resmileri gatnaşar.
Şu ýyl BAF özüniň 25 ýyllygyny belleýär. Çäräniň dowamynda dünýä belli alymlar, syýasatçylar we işewürler Aziýanyň hem-de dünýäniň iň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Esasy mowzuklaryň arasynda sanly ykdysadyýet we emeli aň tehnologiýalary; halkara töleg ulgamlaryny kämilleşdirmek; energetika taslamalary we durnukly ösüş; howanyň üýtgemegine garşy göreş we “ýaşyl” tehnologiýalar bar.
2001-nji ýylda esaslandyrylan Boao Aziýa forumy Aziýanyň 29 döwletini öz içine alýar. Özüniň täsiriniň güýçlüdigi sebäpli bu meýdança dünýäde “Gündogar Dawosy” diýlip atlandyrylýar. Hytaýyň hökümeti bu forumy “çeýe diplomatiýanyň” iň täsirli guraly hökmünde baha berýär.
PDF









