Ynsanperwerlige, bagtyýarlyga, ruhubelentlige beslenýän döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalanýar.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň eden çykyşynda bellenilişi ýaly, bu eser diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki dünýäniň ruhy hazynasyna öwrülen paýhas nusgalaryny özünde jemleýär. Şeýle eseriň tanyşdyrylmagy onuň diňe bir edebi we ylmy ugurlarda däl, eýsem, Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda berk taryhy we medeni baglanyşygyň ähmiýetini hem aýdyň ýüze çykarýar. Ilçi şeýle baý mirasy gorap saklamakda, ony geljek nesillere ýetirmekde Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň hem-de başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
«Dostluk» düşünjesi irki wagtdan bäri türkmen jemgyýetinde giňden ýaýran düşünjeleriň biridir. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ylmy-filosofik eserini okanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu kitapda: «Oguz il-ulsunyň dünýäniň çar künjünde döwlet gurup, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň aladasynda bolmagynyň özi, türkmençiligi açyp görkezmegiň asyl binýadydyr» diýlip bellenilmegi, halkymyzyň dostlukly gatnaşyklarynyň taryhy kökleriniň uzak geçmişi nazarlaýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndaky: «Dostluk, goňşuçylyk däp-dessurlary eziz Diýarymyzda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda aýdyň ähmiýete eýedir» diýen sözlerinden ugur alsak, häzirki wagtda dünýä döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagy, halklaryň dostana gatnaşyklarynyň berkemegi ugrunda ýurdumyzda köp işler bitirilýär.
Birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň we berkitmegiň möhüm ýoly dosta wepalylykdyr. Ynsan ogly gamgyn gününde, kyn ýagdaýa duçar bolanda çyn dosta mätäç bolýar, onuň göwünlik beriji sözlerine, hemaýatyna garaşýar. «Dost başyňa kyn iş düşende tanalar» diýlen aýtgy hem şu mazmuny özünde jemleýär. Kyn günde doganlyk goluny uzatmak we goldaw bermek döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi. Aýdylanlardan ugur alsak, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty, Bitaraplyk hukuk derejesi şeýle häsiýetli ynsanperwer gatnaşyklara ygrarlylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýär we goňşy ýurtlar, şeýle-de sebit döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär. Her bir kämil jemgyýetiň binýady şol kadalaryň esasynda pugtalanýar. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň döwlet gurmak bilen bagly köpasyrlyk tejribesi görkezýär. Bu garaýyş Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ylmy-filosofik kitabynda öz beýanyny tapýar.
Omar DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF









