17-nji sentýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde halal önümleriň halkara sergisi (МІНАЅ) öz işine başlady. 20-nji sentýabra çenli dowam etjek sergä dünýäniň 80 ýurdundan 2 müň 400-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Gözden geçirilişe 45 müň myhmanyň baryp görmegine garaşylýar.
Serginiň çäklerinde dünýä derejesinde iş alyp barýan kompaniýalara, hünärmenlere degişli dürli çäreler geçiriler. Serginiň ahyrynda haryt we hyzmatlary bilen tapawutlananlara baýraklar gowşurylar. Halkara sergi täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Sergi meýdançasynda iýmit we içimlik önümleri, derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, maliýe çözgütleri, moda, kosmetika we syýahatçylyk ýaly ugurlara degişli diwarlyklar bar.