Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­ri has-da iş­jeň­leş­dir­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz yn­san­per­wer­lik we ada­lat­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni yk­rar edip, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­ny de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­mak we şah­sy­ýe­tiň äh­li hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny do­lu­ly­gy­na go­ra­mak ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de jem­gy­ýe­ti­mi­zi mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­ler esa­syn­da ös­dür­mek bo­ýun­ça ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­zi has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak hem-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len türk­men hal­ky­nyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da top­lan kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ni baý­laş­dyr­ýar. Türk­men hal­ky­nyň döw­let gur­lu­şy ba­bat­da ta­ryh­da top­lan tej­ri­be­si­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn na­za­ra alyp, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yg­ty­ýar­ly jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri bi­len äh­li­halk ýyg­nak­la­ry­ny ge­çi­rip, iň wa­jyp sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek ba­ra­da­ky asyl­ly däp­le­rin­den ugur alyp we umu­my yk­rar edi­len de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­rip, şeý­le hem ila­tyň giň gat­lak­la­ry­nyň mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çöz­güt­le­ri­niň ka­bul edil­me­gi­ne gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, 2023-nji ýy­lyň 21-nji ýan­wa­ryn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on Ka­nu­ny ka­bul edil­di.
Ka­nun umu­my düz­gün­le­ri; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň gu­ra­ly­şy; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we onuň Baş­ly­gy­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny; jem­leý­ji düz­gün­le­ri özün­de jem­le­ýän 6 bap­dan we 23 mad­da­dan yba­rat­dyr.
Ag­za­lan Ka­nu­nyň 1-nji mad­da­syn­da: Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­ny has-da ber­kit­mek, ýur­du­my­zy ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne çy­kar­mak üçin äh­li­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we ka­nun­çy­lyk-hu­kuk ul­gam­lar­da tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mek, iň tä­ze ta­ry­hy­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­di­len­di­gi bel­le­ni­len.
Döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­ri çöz­mä­ge, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň we dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne halk köp­çü­li­gi­ni giň­den çek­mek, tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak, mas­la­hat­la­ry ber­mek, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, bi­te­wü­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni, asu­da­ly­gy­ny, aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge hem-de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň tä­ze dö­wür­de be­ýik öz­ge­riş­ler ýo­ly bi­len dep­gin­li ös­me­gi­ne, has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­mek, hyz­mat et­mek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň baş mak­sa­dy we esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy gör­ke­zi­len.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na, şu Kons­ti­tu­si­on Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket ed­ýän we Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy diý­lip kes­git­le­nen.
Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahaty Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na, Kons­ti­tu­si­on Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket ed­ýän we Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra bo­lup, onuň 2-nji mad­da­syn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyzyň Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň dü­zü­min­de he­mi­şe­lik ag­za bo­lup dur­ýan­dy­gy ber­ki­di­len.
Şu Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin döw­le­ti go­ra­ma­ga we pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­kyň ag­zy­bir­li­gi­ni ber­kit­mä­ge, adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­ga sal­dam­ly go­şant go­şan, yk­dy­sa­dy­ýe­ti, yl­my, me­de­ni­ýe­ti, dur­muş ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de, jem­gy­ýet­çi­lik, yn­san­per­wer, ha­ýyr-sa­ha­wat işin­de we işiň gaý­ry gör­nüş­le­rin­de uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren adam­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we di­ni gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­ni, şeý­le hem hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni, şol san­da dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň baş­tu­tan­la­ry­ny ça­gy­ryp bi­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty öz işi­ni ama­la aşy­ran­da de­mok­ra­ti­ýa; aýan­lyk; ada­lat­ly­lyk; ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy; hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny ile­ri tut­mak; ada­myň we ra­ýa­tyň ka­nu­nyň önün­dä­ki deň­li­gi; ada­myň hu­kuk­la­ry­na we azat­lyk­la­ry­na hor­mat goý­mak; çöz­güt­le­ri er­kin ara alyp mas­la­hat­laş­mak we ka­bul et­mek; jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni na­za­ra al­mak ýa­ly ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky ka­da Ka­nu­nyň 5-nji mad­da­syn­da be­ýan edi­len.
Şeý­le hem Ka­nu­nyň II ba­by­nyň 6-9-njy mad­da­la­ryn­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­lis­le­ri; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ga­ra­ma­gy­na tek­lip­le­ri gi­riz­mä­ge bo­lan hu­kuk; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň çöz­güt­le­ri; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň çöz­güt­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­giniň düz­gün­le­ri ber­ki­di­len. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry we Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň na­ma­la­ry ag­za­lan Ka­nu­nyň III ba­by­nyň 10-12-nji mad­da­la­ryn­da kes­git­le­ni­len. Ka­nu­nyň IV ba­by­nyň 13-17-nji mad­da­la­ryn­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my; Pre­zi­diu­myň dü­zü­mi; Pre­zi­diu­myň yg­ty­ýar­lyk­la­ry; Pre­zi­diu­myň mej­lis­le­ri; Pre­zi­diu­myň mej­li­si­niň tes­wir­na­ma­sy düz­gün­leş­di­ri­len.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň we­zi­pe­le­ri; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ni ma­li­ýe­leş­dir­mek bi­len bag­ly ka­da­lar Ka­nu­nyň V ba­by­nyň 18-20-nji mad­da­la­ryn­da düz­gün­leş­di­ri­len.
Ka­nu­nyň VI ba­by­nyň 21-22-nji mad­da­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýer­li we­kil­çi­lik­li we beý­le­ki eda­ra­la­ry bi­len öza­ra gat­na­şy­gy; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry ber­ki­di­len.
Şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­le­ti ber­ka­rar et­mek­de hem-de do­lan­dyr­mak­da top­lan baý tej­ri­be­si we hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by, ýur­du­my­zyň döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry ul­ga­my kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bu bol­sa ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk­ki ösü­şi­ni üp­jün edip, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny ke­pil­len­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Eziz Wa­ta­ny­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ni na­zar­la­ýan, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let we dün­ýä äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na go­şant goş­mak bol­sa bi­ziň her bi­ri­mi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr.
Hal­ky­my­zy eş­ret­li dur­muş­da ýa­şad­ýan Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Ak­my­rat Aşy­row,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri.