Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatymyz halkyň bähbidine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl däp bolşy ýaly, baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi aýratyn ähmiýetli senedir. Sebäbi jemgyýetimiziň ösüşli geljegine gönükdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna özüniň oňyn täsirini ýetirmek bilen bir hatarda, dünýädäki abraýymyzyň has-da ýokarlanmagyna şertleri döredýär. 19-njy sentýabrda geçiriljek umumymilli foruma görülýän taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi bu forumyň taýýarlyk işlerine badalga berdi. Şol mejlisde Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere seretdi hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Onuň işine jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň giňden çekilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak däbi gadymdan bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu asylly däpler ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny netijeli ulanmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Halk Maslahatynyň bu ugurdaky möhüm orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halk Maslahatynyň mejlislerinde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenýär, döwrüň talaplaryna, täze ykdysady şertlere laýyklykda häzirki döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemek hukugyna daýanyp, milli däp-dessurlaryna, milli aňyýetine, durmuş tejribesine, taryhyna, mirasyna we milli häsiýetine esaslanýan, demokratik, dünýewi we hukuk döwletini berkarar etmek mümkinçiligini berdi. Umuman, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisi halk demokratiýasynyň we halk häkimiýetiniň milli ýol-ýörelgeleriniň dabaralanmasyna, halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşmeginiň nyşanyna, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň mizemezliginiň hem-de geljekki ösüşiniň kepiline öwrüler.
Gaýgysyz DÖWLETOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.