2017-nji ýylyň 31-nji iýulynda Kaliforniýanyň taýýar naharlary hödürleýän “Model Meals” kompaniýasy awokado gününi belläp başlaýar. Bu sene awokadonyň saglyga peýdalydygyna ünsi çekmek we sagdyn iýmitlenmek, durnukly oba hojalygyny höweslendirmek maksady bilen girizilýär. Şondan soňra has köp ýurtda awokado güni bellenilip başlanýar we miwäniň meşhurlygy artýar. Awgust aýynyň ahyry bu datly miwäniň hasylynyň alynýan iň gyzgalaňly döwri hasaplanýar. Düzümi dürli witaminlere we minerallara baý bolan bu miwe ilkibaşda Meksikada ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu at beýleki dillere Meksikanyň ýerli ýaşaýjylary bolan nauatl dilindäki “āhuacatl” sözünden geçipdir.