12-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Uniwersitetiň talyplary 7—9-njy noýabrda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherindäki Silesia uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda matematika boýunça geçirilen halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Şahsy bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň talyby Şabibi Nurjanowa, maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary Hajymuhammet Ataýew, Arslanbeg Ýazmämmedow altyn medala, maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary Didar Gaýipow we Emir Wellekow kümüş medala mynasyp boldular.
Şeýle hem uniwersitetiň talyplary 6—9-njy noýabrda Indoneziýa Respublikasynyň Bali şäherinde geçirilen «Bütindünýä ýaş fizikaçylar olimpiadasy — 2025» atly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fizika dersi boýunça geçirilen bäsleşikde medallaryň 6-syna (2 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç), şonuň ýaly-da, Baş baýraga mynasyp boldular. Bäsleşigiň netijesi boýunça fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyby Musa Artykow altyn medala, şeýle-de, Baş baýraga, şol hünäriň talyby Kerim Çerkezow altyn medala, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Dawut Alybaýew we Mähriban Kakamyradowa kümüş medala, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Aýşat Saparowa we Arslan Jumaýew bürünç medala mynasyp boldular.
Talyplaryň gazanan bu ajaýyp üstünlikleri Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Halkara Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
Çeşme: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
PDF









