Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis Ýewropadaky gymmatlyklaryň, agzybirligiň, birek-biregi ykrar etmegiň we barlyşygyň ajaýyp nusgasyny görkezen syýasatçy hökmünde Beýik Karl adyndaky Halkara baýragy bilen sylaglandy. Germaniýanyň Ahen şäherinde geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasyna Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel gatnaşdy.
– Klaus Ýohannis Ýewropa Bileleşiginiň gündogar böleginde öz ýörelgelerine wepaly, biziň umumy Ýewropa gymmatlyklarymyzy berjaý edýän şahsdyr. Ol uly yhlas bilen kanunyň ähli zatdan ýokarydygyny öňe sürüp, Ýewropa syýasatyny alyp barýar. Ýohannis öz göreldesi bilen Ýewropa Bileleşigini has-da güýçlendirdi – diýip, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel aýtdy.
– Bu baýrak meniň üçin, häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň raýatlary bolan watandaşlarym üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Bileleşik demokratiýa we Ýewropanyň jebisligi ýörelgelerine esaslanýar – diýip, Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis aýtdy.
1950-nji ýyldan bäri Beýik Karl halkara baýragy Ýewropanyň birleşmegine goşan goşandy üçin şahsyýetlere we guramalara berilýär. Bu baýraga mynasyp bolan syýasatçylaryň arasynda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Kansleri Angela Merkel bar.