Her ýyl 2-nji aprelde daniýaly ýazyjy Hans Kristian Anderseniň doglan güni Halkara çaga kitaplary güni hökmünde bellenilýär. Bu sene 1967-nji ýylda Çaga kitaplary boýunça halkara geňeşiniň başlangyjy we karary bilen döredilýär. XVII asyryň ortalaryna çenli çagalara köplenç hekaýalardyr ertekiler dilden gürrüň berilýärdi. XVIII asyrda çagalar dürli eserleri okamak mümkinçiligine eýe boldular. Häzirki wagtda çagalar edebiýatyna düýbünden başga bir ugur hökmünde seredilýär. Çagalar we ýaşlar üçin halkara edebiýat geňeşiniň (IBBY) başlangyjy bilen 1956-njy ýyldan bäri çagalar edebiýatynyň ýazyjylaryna hem-de çagalar üçin kitaplaryň suratkeşlerine iki ýylda bir gezek Andersen adyndaky halkara baýragy gowşurylýar.
Dünýä belli daniýaly ýazyjynyň «Betnyşan ördejik», «Şagyzy we nohut», «Kükürtli gyzjagaz», «Ýabany guwlar» we «Jennet bagy» ýaly ertekileri dünýäniň onlarça diline terjime edildi.
Güljahan SARYHANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.