Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. 20-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bu halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Halkara Mendeleýew himiýa bäsleşiginde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Rüstem Jumaýew kümüş medala mynasyp boldy, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Diýar Döwletow, 12-nji synp okuwçylary Aýgül Atajanowa we Jeren Akmyradowa bürünç medallary gazanmagy başardylar.
3-nji Al-Horezmi adyndaky halkara matematika we informatika olimpiadasynyň jemi boýunça zehinli okuwçylarymyz 12 sany, şol sanda: 1 sany altyn, 3 sany kümüş, 8 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Olimpiadada matematika dersinden Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow altyn medala, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Ýusup Resulow, Aşgabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Omar Döwranow kümüş medallara, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçylary Serdar Nazaröwezow, Akmyrat Akmyradow, 9-njy synp okuwçylary Ýeňiş Akmämmedow, Atabaý Akmyradow, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Azat Nepesow, Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Röwşen Seýitkulyýew, Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mekan Döwletýarow bürünç medallara, informatika dersi boýunça Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Kasym Köçekow kümüş medala, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Akmuhammet Şöhratgeldiýew bürünç medala eýe bolmagy başardylar.
Mekdep okuwçylarynyň bu abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara eýe bolmaklary Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berýän hemişelik ünsüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda gazanylan nobatdaky netijeleridir.
Çeşme:Türkmenistanyň Bilim ministrligi