Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­ny yzy­gi­der­li ös­dü­rip, hal­ka­ra du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da gurlan döw­re­bap sport inf­rast­ruk­tu­ra­la­ry, ýaryşlaryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si hem-de hal­ka­ra sport gu­ra­ma­la­ry bi­len al­nyp ba­ryl­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk iri sport çä­re­le­ri­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Aş­ga­bat­da we beý­le­ki şä­her­ler­de gur­lan sta­di­on­lar, kö­pu­gur­ly sport top­lum­la­ry hem-de Olim­pi­ýa şä­herçesi hal­ka­ra ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýär. Bu şert­ler fut­bol, ýe­ňil at­le­ti­ka, ten­nis, gö­reş we beý­le­ki sport gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry bi­len hal­ka­ra de­re­je­sin­de ta­nal­ýan «Al-Nassr» fut­bol to­pa­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­jek mö­hüm du­şu­şy­ga yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de bo­lup, Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň taý­ýar­lyk de­re­je­si bi­len ta­nyş­ma­gy hem bu du­şu­şy­ga döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň iş­jeň ta­rap­da­ry bo­lan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz soň­ky ýyl­lar­da hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­ýan «Arkadag» to­pa­ry­nyň ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­nyň ýur­du­myz üçin uly ab­raý­dy­gy­ny, bu du­şu­şy­gyň bi­ziň hal­ky­myz üçin toý-baý­ra­ma öw­rül­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Bu du­şu­şyk di­ňe bir sport bäs­le­şi­gi bol­man, eý­sem, halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ýan, sport ar­ka­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­ýän mö­hüm wa­ka hök­mün­de ta­ry­ha gi­rer. Du­şu­şy­gyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si, sta­dio­nyň döw­re­bap üp­jün­çi­li­gi hem-de jan­kö­ýer­le­riň uly gy­zyk­lan­ma­sy ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport çä­re­le­ri­ni ge­çir­mä­ge do­ly taý­ýar­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
«Ar­ka­dag – Al-Nassr» to­par­la­ry­nyň du­şu­şy­gy türk­men fut­bo­ly­nyň ösüş de­re­je­si­ni gör­kez­mek bi­len bir ha­tar­da, tür­gen­le­riň tej­ri­be al­ma­gy­na hem giň ýol açar. Şeý­le du­şu­şyk­lar mil­li fut­bo­lyň ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar, ýaş­la­ry sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar we ýur­duň hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­dä­ki or­nu­ny has-da ber­kid­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­läp geç­sek, «Arkadag» fut­bol to­pa­ry 2023-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Bu fut­bol to­pa­ry Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ady­ny gö­ter­ýär we özü­niň il­kin­ji möw­süm­le­rin­de türk­men fut­bo­lyn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň çem­pio­na­tyn­da hem-de ku­bok ýa­ryş­la­ryn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­kez­mä­ge baş­la­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al-Nassr» (Al-Nassr FC) fut­bol to­pa­ry bol­sa 1955-nji ýyl­da Er-Ri­ýad şä­he­rin­de dö­re­dil­di. Klub ýur­duň iň ab­raý­ly futbol to­par­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, öz meý­dan­ça­syn­da­ky oýun­la­ry «King Sa­ud Univer­si­ty» sta­dio­nyn­da ge­çir­ýär. Bu to­par­da dün­ýä bel­li fut­bol­çy­lar oý­na­ýar­lar.

Nurana SAPAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.