4-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň guramagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Halkara forum barada giňişleýin maglumat berýän web saýty döredildi. Internet saýtynda türkmen, rus we iňlis dillerinde maglumatlar ýerleşdirildi.
Hazaryň kenarynda ýaýbaňlanjak Halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady, ulag, energetika we ekologiýa mümkinçiliklerini giňeltmegine hem-de halkara söwda ulgamyna doly gatnaşmagyny üpjün etmegine, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ýol açar.
14-nji iýulda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Okuw sapaklaryna Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar sebitiniň dürli ugurlary bilen baglanyşykly iş alyp barýan ekologlary, diplomatlary, serhet gullugynyň işgärleri, nebit pudagynyň hünärmenleri, gidrometeorologlary, gidrograflary, hukukçylary, ykdysatçylary, ulag pudagynyň işgärleri, balykçylyk pudagynyň we degişli beýleki pudaklaryň wekilleri gatnaşýarlar. Okuw sapaklarynyň maksatnamasy adatça, deňiz giňişligini meýilleşdirmek boýunça işjeň moduly öz içine alýar. Şeýle hem okuw sapaklarynyň çäginde ilkinji gezek Milli ýurisdiksiýanyň çäginden daşynda biodürlüligi saklamak hakynda ylalaşyk boýunça ýörite seminary geçirmek meýilleşdirildi. 18-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda täsirli platforma hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Şeýle hem halkara foruma gatnaşyjylary türkmeniň myhmansöýerlik ýörelgeleri esasynda garşylamak maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýaş meýletinçiler, terjimeçiler we ýaş wagyzçylardyr habarçylar taýýarlanýar. Halkara forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk konsertini, şeýle hem milli tagamlaryň festiwalyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
Meýrem ÝUSUBOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.