21-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
“Nowruz ýaýlasynyň” esasy girelgesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanýan aýdym-sazlar tebigatyň janlanmagynyň hem-de durmuşyň täzelenmeginiň hormatyna guralýan bu dabaralaryň çuňňur many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar. Giň ýaýla şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi. Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bu ýere Watanymyzyň ähli künjeginden türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi. Şeýle hem 30-a golaý döwletden syýahatçylaryň 220-den gowragy bu dabaranyň şaýady boldy.
Baýramçylyk mynasybetli “Nowruz ýaýlasynda” köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan gadymy türkmen obasy döredildi. Medeniýetleri özara baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň keşbi hem sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.
Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde owadan bezelen hiňňildikler gurnalypdyr.
“Nowruz ýaýlasynyň” girelgesinde myhmanlar duz-çörekli garşylandy. Çagalaryň ýerine ýetiren goşgulary aýratyn täsirli boldy. Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň, tutuş tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar.
Bu ýerde geçmişiň meşhur alymlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän gadymy türkmen topragynyň dünýä beren gymmatlyklaryna, şol sanda ahalteke bedewlerine bagyşlanan döredijilik kompozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Teatrlaryň artistleri Gündogaryň gadymy şäherlerine, gyzgalaňly bazarlaryna mahsus durmuşy täsirli janlandyrdylar.
Dabara gatnaşyjylar türkmen zenanlarynyň döredýän ajaýyp sungat eserleri — haly, keşdeçilik, dokma we keçe önümleriniň taýýarlanylyşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmen toýy bolelinligiň, sahylygyň baýramydyr. Şunda dürli ýaryşlary guramak, baş baýrak goýmak toýlary gaýtalanmajak şüweleňe besleýär. Dabaranyň dowamynda emin ýurdumyzyň çar künjeginden gelen pälwanlaryň tutluşygyny yglan edýär.
“Nowruz ýaýlasynda” ownuk we iri şahly mallaryň dürli görnüşlerini synlamak bolýar. Giň sähradaky dowarlaryň goragçysy bolan alabaýlar milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Olary ösdürip ýetişdirmegiň däpleri geçen ýyl ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň üstüni ýetirdi.
Bu ýerde milli tagamlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol saçaklaryň dürli naz-nygmatlardan dolulygy, iň gowy aşpezler tarapyndan taýýarlanan milli tagamlaryň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Halk sazlary, aýdymdyr tanslar döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşdy.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Arkadag şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem geçirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşdy.