21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
“Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynda sungat ussatlary, döredijilik toparlary, ýaşajyk artistler dabara gatnaşyjylary, şol sanda daşary ýurtly myhmanlary joşgunly aýdym-sazlar, tanslar bilen garşyladylar. Nowruzyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolan belent hiňňildikler, esasan-da, ýaşlary özüne çekýär. Gyzykly milli oýunlardyr bäsleşikler hem ünsüňi çekýär. Şeýle-de bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolan milli tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Gögerdilen bugdaýa un goşulyp taýýarlanylýan semeni Nowruz baýramynyň däp bolan tagamydyr.
“Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan baýramçylyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Ol “Gül-gülzara beslenip Nowruz geldi ilime” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Şeýle hem konsertiň maksatnamasyna Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, gazanylýan uly üstünlikleri, agzybir türkmen halkyny wasp edýän aýdym-sazlar, tans we halk döredijilik eserleri girizildi. Meşhur aýdymçy-sazandalar, söz ussatlary, “Meňli”, “Laçyn”, “Galkynyş”, “Serpaý”, “Aşgabat”, “Näzli”, “Miras” we beýleki döredijilik toparlary öz zehinini görkezdiler. Joşgunly küştdepdi tansy konsertiň iň şowhunly çykyşlarynyň biri boldy. Milletiň taryhy-medeni ýörelgeleriniň, ruhy tejribesiniň sazlaşygyny beýan edýän halk döredijiliginiň täsin nusgasy bolan küştdepdi geçmişiň däpleriniň we häzirki döwrüň döredijilik ruhunyň sazlaşykly utgaşygydyr. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy aýdym we tans dessury bu günki gün häzirki döwrüň ruhy beýany hökmünde täze mazmuna eýe bolýar.
Konsert oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Parahatlyk bahary” atly aýdym bilen jemlendi.
Şu gezekki giň gerimli baýramçylyk dabarasyna köp sanly daşary ýurtly syýahatçylaryň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Daşary ýurtly myhmanlar şatlyk-şagalaňy, aýdym-sazlary, tanslary öz içine alýan uly türkmen toýuna mahsus dabaranyň şaýady bolmaga mümkinçilik aldylar.
Şol gün Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda, Arkadag şäherinde hem geçirildi.