Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, Watanymyzyň geljegi bolan ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzda talyp ýaşlaryň arasynda halkara derejesinde geçirilýän çäreleriň, olimpiadalaryň we bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr. Şularda türkmen ýaşlarynyň oňyn netijeler görkezmekleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki mynasyp ornuny has-da berkidýär. Golaýda hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet arkaly 2-nji Halkara ykdysadyýet olimpiadasy, şeýle-de 2-nji Halkara filosofiýa olimpiadasy geçirildi. 20-24-i oktýabr aralygynda bolan olimpiada talyplaryň zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmegi baş maksat edinýär.
Türkmen, iňlis, rus dillerinde bolan olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde I (bir) tapgyrda A we B derejede dowam etdi. Ýagny halkara filosofiýa olimpiadasynda A derejä okaýan hünäri filosofiýa, taryh we beýleki jemgyýetçilik taýýarlyk ugury bolan talyplar, B derejä islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşdylar. Edil şonuň ýaly halkara ykdysadyýet olimpiadasynda hem A derejä okaýan hünäri ykdysadyýet we dolandyryş, statistika taýýarlyk ugurly talyplar, B derejä bolsa islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşdylar. Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmegiň maksatnamasy boýunça alnyp barlan olimpiadalara gatnaşyjylar uniwersitetiň internet sahypasynda hasaba alyndylar we şol internet sahypasy arkaly olimpiadalar geçirildi.
Halkara ykdysadyýet olimpiadasyna ýurdumyzyň 25 sany ýokary okuw mekdebinden 438 talyp, Bolgariýa, Polşa, Indoneziýa, Kuba, Kipr, Ermenistan, Gazagystan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan Respublikalaryndan, Kambodja Patyşalygyndan, hem-de Russiýa Federasiýasyndan we Rumyniýa ýaly daşary ýurtlaryň 30 ýokary okuw mekdebinden 615 sany talyp, jemi 1053 sany talyp gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň 262-si bolsa olimpiadanyň ýeňijileri boldular. 262 ýeňijileriň 148-siniň türkmen talyplaryna degişlidigi buýsandyryjydyr.
Halkara filosofiýa olimpiadasyna bolsa ýurdumyzyň 25 sany ýokary okuw mekdebinden 480 talyp we 13 sany daşary ýurtdan, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Marokko we Kamboja Patyşalygyndan, Polşa, Kenýa, Gazagystan, Gyrgyz, Indoneziýa, Türkiýe, Täjigistan, Özbegistan Respublikalaryndan, Russiýa Federasiýasyndan hem-de Rumyniýa ýaly döwletleriň 21 ýokary okuw mekdebinden 119 sany talyp, jemi 599 sany talyp gatnaşdy. 599 sany gatnaşyjydan 251-isi baýrakly oruny eýeläp, 208-siniň türkmen talyplarydygy bellenilmäge mynasyp.
4-nji noýabr güni Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadasynyň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Medallaradyr Şahadatnamalara eýe bolan talyp ýaşlar ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadasy dünýäniň dürli döwletlerinden 1652 gatnaşyjylary öz içine aldy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça ýetilen belent derejeleriň şaýadydyr.
Gyzylgül AMANLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
PDF









