Şu gün, 28-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda OMOUS-2026 olimpiadanyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onda ýokary netije görkezen talyplary degişli medallardyr Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Düzgünnama laýyklykda, Halkara olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebi olimpiada 5 mesele hödürläp, hödürlenýän meseleler anyk çözülişi bilen guramaçylyk toparyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden 20 gün öňünden ugradyldy. Olimpiada hödürlenýän meseleler hiç bir kitapda çözülişi görkezilmedik meselelerdigi nazara alnyp kabul edildi. Düzgünnama esasynda, olimpiada gatnaşmaýan ýokary okuw mekdebinden ýa-da garaşsyz hünärmen tarapyndan teklip edilen meseleler hem kabul edildi.
OMOUS-2026-nyň netijelerine laýyklykda, şahsy bäsleşik boýunça jemi 156 medal, ýagny A derejede 32 altyn, 45 kümüş, 79 bürünç; B derejede bolsa jemi 182 medal – olar 33 altyn, 49 kümüş, 100 bürünç. Şeýle-de, toparlaýyn bäsleşikde jemi 34 medal, 6 altyn, 12 kümüş, 16 bürünç medallary gazandylar.
Olimpiadada türkmen talyplarynyň aýratyn tapawutlanandygyny bellemek zerur. Türkmen ýaşlarymyz A derejede jemi 78 medal – olardan 15 altyn, 30 kümüş, 33 bürünç; B derejeden bolsa, jemi 120 medal – 18 altyn, 39 kümüş, 63 bürünç medal gazandylar. Toparlaýyn bäsleşikde jemi 13 medal 2 altyn, 5 kümüş, 6 bürünç.
Türkmenistandan soňra iň köp ýeňiji bolanlar Özbegistan döwletinden gelen wekiliýetlerdir. Doganlyk döwletiň talyplary şahsy bäsleşik boýunça jemi 103 medal, A dereje boýunça 3 altyn, 7 kümüş, 41 bürünç medalyň, B dereje boýunça bolsa, 10 altyn, 9 kümüş, 33 bürünç medalyň eýelediler. Toparlaýyn bäsleşik boýunça Özbegistanyň 39 topary jemi 10 medal, 3 kümüş, 7 bürünç medal gazandylar. Soňra Russiýa Federasiýasynyň talyplary şahsy bäsleşik boýunça 30 medalyň, olardan A dereje boýunça 13 altyn, 8 kümüş, 5 bürünç medala, B derejeden bolsa 1 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç medala mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşik boýunça bolsa, 9 topardan jemi 7 medal, 4 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç medaly eýelediler.
Mundan başga-da, Täjigistan döwletiniň wekiliýetinden şahsy bäsleşikde A derejeden 1 altyn medala, toparlaýyn bäsleşikde bolsa 1 bürünç medal gazandy. Şahsy gatnaşyk boýunça bäsleşikde B derejeden Gresiýa, Gollandiýa, Germaniýa we Wengriýa döwletleriniň talyplary 1 altyn medala mynasyp boldular. Şol sanda, toparlaýyn bäsleşikde Gresiýa we Gollandiýa döwletiniň wekilleri 1 kümüş medal gazandylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleri şahsy bäsleşik boýunça 1 bürünç medal eýelediler. Şeýle-de, Eýranyň wekiliýeti toparlaýyn bäsleşikde 1 bürünç medala mynasyp boldy.
Halkara olimpiadanyň dabaraly ýapylyş çäresinden soňra, ýeňijiler ýadygärlik surata düşdüler. Şeýle-de, ýaş matematikler şular ýaly halkara olimpiada gatnaşmaga, öz aralarynda tejribe alyşmaga hem-de ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilikler üçin köp Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.
Gözel PIRMUHAMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy.
PDF









