Biz — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan halkara foruma gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Hökümetiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Aşgabat şäherinde ýygnanyp, Baş Assambleýanyň 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili Kararnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen hereket edip, şol resminama boýunça 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi hem-de parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine döwletleriň arasynda köptaraply gepleşikleri, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy berkitmäge esaslanyp,

Döwletleriň özygtyýarlylyk babatdaky deňligini, çäk bitewüligine hormat goýmagy, içerki işlere gatyşmazlygy we dawalary parahatçylykly ýol bilen çözmegi öz içine alýan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň häzirki zaman halkara gün tertibiniň esasy ýörelgeleri we berk binýady bolan maksatlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlylygymyzy tassyklap,

Halkara hukuga ählumumy hormat goýmaga esaslanýan köptaraplylygy güýçlendirmäge bolan üýtgewsiz ygrarlylygymyzy gaýtadan tekrarlap, Birleşen Milletler Guramasynyň parahat, durnukly hem gülläp ösýän dünýäni gurmaga, inklýuziw gepleşikler we bilelikdäki hereketler arkaly ählumumy kynçylyklary netijeli çözmäge ýardam bermekdäki esasy ornuny ykrar etmek bilen, durnukly ösüş ulgamynda ählumumy, geljegi nazarlaýan, adamlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan we özgerdiji maksatlardyr wezipeleriň toplumyny kabul edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Biziň dünýämizi özgertmek: 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi» atly 70/1 belgili Kararnamasyny ýatladyp,

Şeýle-de Parahatçylyk medeniýeti boýunça Jarnamanyň we Hereketleriň maksatnamasynyň, Geljegiň bähbidine paktyň we Parahatçylyk üçin täze gün tertibiniň degişli düzgünlerini ýatlatmak bilen, mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80 A, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285 we 2025-nji ýylyň 21-nji martyndaky 79/274 belgili Kararnamalaryny ýatladyp,

Türkmenistan tarapyndan yglan edilen we yzygiderli durmuşa geçirilýän hemişelik Bitaraplyk derejesine berk goldawymyzy tassyklamak bilen, onuň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy, hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm şertine öwrülendigini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek hakyndaky 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71/275, halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti hakyndaky 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 75/28 belgili Kararnamalaryna salgylanmak bilen,

2015-nji we 2020-nji ýyllardaky Aşgabat Jemleýji resminamalaryny ýatlatmak bilen, Türkmenistanyň Hökümetiniň Bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy we parahatçylyk meseleleri boýunça dialogy Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna laýyklykda institusionallaşdyrmak boýunça tagallalaryny belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Başlygy tarapyndan çagyrylan 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky 79/5 belgili Kararnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejeli maslahatynyň netijelerini belläp, şeýle hem Bitaraplyga we öňüni alyş diplomatiýasyna esaslanýan parahatçylygyň sebit derejesindäki beýany hökmünde Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmek boýunça tagallalary goldamak bilen,

Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň awgustynda esaslandyrylan gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň düýp sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmakda, ynsanperwer meseleleri çözmekde, halkara gatnaşyklarda bitaraplygy öňe sürmekde köptaraply gepleşikleri goldamagyň mehanizmi hökmünde hereket edýän resmi däl toparyň, ýagny parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini we işiniň dowam etdirilmegini, şeýle hem toparyň birinji ministrler derejesindäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasyny goldamak bilen,

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň arasyndaky özara baglanyşygyň ösýändigini ykrar edip hem-de ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň, özara düşünişmegiň hem-de bitaraplygyň halkara gün tertibiniň iň möhüm düzüm bölekleridigini nygtap,

2025-nji ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýändigini ýatlatmak bilen, munuň halklaryň arasynda ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ýardam edýän netijeli parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň mysalyna öwrülendigini belläp,

I. Parahatçylygy, ynanyşmagy we gepleşikleri berkitmek

1. Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we gepleşikleriň halkara gatnaşyklaryň iň möhüm sütünleri we adalatly, ähli gatnaşyjylary öz içine alýan hem-de howpsuz dünýä gün tertibiniň binýady bolup galýandygyny tassyklaýarys. Şol ýörelgeleriň halklaryň we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ahlak, syýasy esasyny düzýändigini hem-de ynanyşmak we gepleşikler bolmasa, durnukly parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bolup bilmejekdigini ykrar edýäris;

2. Barha çylşyrymlaşýan we özara bagly bolan dünýä şertlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlarynda, ýörelgelerinde beýanyny tapan, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini yzygiderli syýasy erkiň, açyk aragatnaşygyň, hakyky köptaraply gepleşikleriň üsti bilen berkitmegiň zerurdygyny nygtaýarys hem-de bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Siwilizasiýalar bileleşiginiň işini makullaýarys;

3. Bu babatda Baş Assambleýanyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky 76/299 we 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili Kararnamalaryny ýatladýarys. Olarda Baş Assambleýa parahatçylygyň we ynanyşmagyň ideallaryny öňe sürmäge yzygiderli üns çekmek maksady bilen, bäş ýyldan bir gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny bellemegi karar etdi. Şoňa görä, gapma-garşylyklaryň öňüni almak, gepleşikleri höweslendirmek, halklaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmek boýunça tagallalary birleşdirmegi dowam etdirmek üçin 2030-njy ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini makullaýarys;

4. Baş Assambleýanyň halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygy, hoşniýetliligi, inklýuziwligi, özara düşünişmegi we raýdaşlygy öňe sürmek boýunça tagallalaryny jemlemek, şeýle hem tapawutlyklary we köpdürlüligi inkär etmezden, jebisligi saklap, bilelikde ýaşamaga hem-de hereket etmäge bolan ygrarlylygy beýan etmek maksady bilen, her ýylyň 16-njy maýyny “Halkara parahatçylykda ýaşamak güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany makullaýarys;

5. Ähli agza döwletleri, Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň düzümlerini, sebit we sebitara guramalary, raýat jemgyýetini, şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalary we aýry-aýry agzalary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny geçirmäge yzygiderli, işjeň ýardam bermäge, ony halklaryň arasynda özara hormat goýmagy, hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy güýçlendirýän we halkara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny döretmäge ýardam edýän bilim, medeni we syýasy başlangyçlary guramak arkaly dowam etdirmäge çagyrýarys;

6. Birnäçe döwletler tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän milli bitaraplyk syýasatynyň gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegiň, sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygy güýçlendirmek, netijeli gepleşikleri ilerletmek üçin amatly şertleri döretmegiň möhüm guraly bolup hyzmat edýändigini ykrar edýäris;

7. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty arkaly Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyllarynyň, ynamy pugtalandyrmak çäreleriniň amaly nusgasy bolup hyzmat edýän 2023-nji ýylyň we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynyň çäklerinde ählumumy çäreleri başlap we durmuşa geçirip, halkara gatnaşyklarda gepleşige, parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli çemeleşmäni öňe sürýän Türkmenistanyň öňbaşçylygyny ykrar edýäris;

8. Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan, deň we bölünmez howpsuzlyk ýörelgesine eýerýän edýän bu köpugurly çemeleşmäniň diňe bir syýasy durnuklylyga däl-de, eýsem, durmuş, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer durnuklylyga-da ýardam edýändigini, şeýlelikde, ählumumy parahatçylyk medeniýetini güýçlendirýändigini tassyklaýarys;

II. Öňüni alyş diplomatiýasyny we araçylygy berkitmek

9. Öňüni alyş diplomatiýasynyň gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň we halkara parahatçylygy saklamagyň esasy gurallarynyň biri hökmünde ähmiýetini, şeýle hem onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna laýyklykda berk ulanylmalydygyny nygtaýarys.

10. Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2788 belgili Kararnamasyny biragyzdan kabul edendigini, şonda BMG-niň Tertipnamasynyň 33-nji maddasynda göz öňünde tutulan, dawalary parahatçylykly çözmek, şol sanda araçylyk mehanizmlerini netijeli ulanmak ýörelgesine eýermäge gyssagly çagyryş edilýändigini ýatladýarys;

11. Parahatçylykly gepleşikleri we gapma-garşylyklary çözmek proseslerini geçirmek, şol sanda araçylyk üçin ýörite meýdançalary döretmek üçin bitarap döwletleriň çäklerini netijeli ulanmaga we Türkmenistanyň öz çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek hakyndaky teklibini minnetdarlyk bilen belleýäris. Baş Assambleýanyň 79/274 Kararnamasynda bellenilişi ýaly, muňa agza döwletler we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy tarapyndan seredilmegi zerurdyr;

12. Baş Assambleýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna elýeterli serişdeleriň çäklerinde BMG-niň agza döwletleri hem-de beýleki degişli taraplar bilen maslahatlaşyp, parahatçylyk we howpsuzlyk üçin bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça Gözükdirijini işläp düzmek baradaky tabşyrygyny, bu babatda halkara gatnaşyklarda bitaraplygy netijeli ulanmagyň toplanan tejribesini we esasy ýörelgelerini umumylaşdyrmaga aýratyn üns berilmelidigini makullaýarys;

13. Aşgabatda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, sebitde we onuň çäginden daşarda parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine gepleşikleri we hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki möhüm ornuny we beýleki sebitlerde hem şeýle mehanizmleriň döredilmegini we güýçlendirilmegini aýratyn belleýäris;

14. Birleşen Milletler Guramasynyň giň syýasy-diplomatik serişdeleri we öňüni alyş diplomatiýasynyň usullaryny ulanmaga esaslanýan parahatçylygy ýola goýmakdaky tejribesini, bitaraplygyň amaly häsiýetini ösdürmegi belläp geçýäris. Bu ugurda ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmak maksady bilen, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Parahatçylyk uniwersiteti» atly Kararnamasyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky teklibini makullaýarys;

III. Bitaraplyga esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny öňe sürmek

15. Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerini makullaýarys. Bu işler ynam, özygtyýarlylyga hormat goýmak, bitaraplyk we goşulyşmazlyk ýörelgelerine esaslanýan bilelikdäki parahatçylygyň döwrebap düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilendir we ösýän ählumumy howpsuzlyk gurluşynyň tapawutlyklaryny aradan aýyrýan, garşy durmakdan has wajyp bolan parahatçylykly ýaşamagy ileri tutýan amaly mehanizmler bilen doldurmak üçin niýetlenendir;

16. Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerini, Goşulyşmazlyk Hereketini we beýleki sebit we halkara guramalary Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen, BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelerdir maksatlar esasynda Bitaraplyga esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek we öňe sürmek boýunça dowam edýän tagallalary ylalaşyga gelmegiň, köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmegiň binýady hökmünde makullanylmagyna çagyrýarys;

17. Bitaraplygyň hemişelik we işjeň görnüşinde parhsyzlygy däl-de, eýsem, jogapkärçiligi özünde jemleýändigini, gapma-garşylyklaryň öňüni almagy, bitaraplygyň, hoşniýetli hyzmatlaryň, araçylygyň we ynamy berkitmegiň üsti bilen halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine ähli taraplar bilen netijeli gatnaşygy saklap, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga yzygiderli ygrarlydygyny ykrar edýäris;

IV. Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň utgaşyklylygy

18. 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibinde nygtalyşy ýaly, durnukly ösüş parahatçylyk we howpsuzlyk bolmasa mümkin däldir, parahatçylygyň we howpsuzlygyň hem durnukly ösüş bolmasa howp astynda galjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklaýarys;

19. Bitaraplygyň ynsanperwerligiň, adalatlylygyň we kemsitmezligiň ýörelgelerini öz içine alýan ählumumy ýörelgelere esaslanýan çuňňur ynsanperwer ölçeglere eýedigini we bitarap döwletleriň gapma-garşylyklarda, adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda ynsanperwer kömegini bermäge ýardam etmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap geçýäris;

20. Zenanlaryň deňhukukly gatnaşmagyna we doly goşulmagyna, ýaşlaryň parahatçylygy saklamak hem-de berkitmek boýunça ähli tagallalara işjeň gatnaşmagyna ýardam berýän başlangyçlary goldaýarys;

21. Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi we Halkara araçylyk gününi halklaryň arasynda parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmegiň gurallary hem-de çarçuwasy hökmünde yglan etmek baradaky başlangyçlary goldaýarys;

22. Sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň parahatçylyga, gepleşige, durnukly ösüşe ýardam bermekdäki mümkinçiliklerini, şol bir wagtyň özünde BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda, olaryň ahlak taýdan ulanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny berk nygtamak bilen, ony ykrar edýäris;

V. Geljekde hyzmatdaşlygy goldamak

23. Türkmenistanyň Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp düzmek mümkinçiligini öwrenmek boýunça başlangyjyny, bu kodeksiň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine esaslanýan deňligi, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy we umumy jogapkärçiligi öňe sürmek üçin goşmaça guraldygyny makullaýarys;

24. 2015-nji we 2020-nji ýyllardaky Aşgabat Jemleýji resminamalarynda berkidilen borçnamalara laýyklykda, bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak meselelerine bagyşlanan halkara we sebit forumlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini tassyklaýarys;

25. Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletlerini ählumumy parahatçylygyň binýady hökmünde köptaraply hyzmatdaşlyk mehanizmlerini berkitmäge we Türkmenistanyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini goldaýandygymyzy beýan edýäris. Munuň BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen halkara hukugyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň ählumumylygyny we hökmürowanlygyny güýçlendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň beýany boljakdygyna ynanmaga çagyrýarys;

26. Türkmenistanyň halkyna we Hökümetine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirendigi we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, hyzmatdaşlygy berkitmäge yzygiderli goşýan goşandy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirýäris;

27. Forumyň dowamynda öňe sürlen pikirleriň we teklipleriň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi üçin Birleşen Milletler Guramasynyň, sebit guramalarynyň we ikitaraplaýyn mehanizmleriň çäklerinde özara hereket etmegi dowam etdirmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys;

28. Ähli agza döwletleri, Birleşen Milletler Guramasynyň edaralaryny we degişli hyzmatdaşlary gepleşikleriň, ynanyşmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň ruhuny güýçlendirmegi dowam etdirmäge, şeýlelikde, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Birleşen Milletler Guramasynyň berk mirasyna hem-de XXI asyrda halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan kesgitleýji ugruna öwrülmegini üpjün etmäge çagyrýarys.

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry.