Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tamamlanyp barýan aýy halkara wakalara baý boldy. Paýtagtymyzda dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri türkmen Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligine goşýan belent goşandyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Şol resminamadan görnüşi ýaly, foruma gatnaşyjylar Türkmenistan döwletimiziň ählumumy parahatçylyga ýugrulan döredijilikli başlangyçlaryny makulladylar we biragyzdan kabul etdiler.
Bu möhüm ähmiýetli resminamada her ýylyň 16-njy maýyny «Halkara parahatçylykda ýaşamak güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany makulladylar.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» adynyň türkmen aňyýetine tebigy laýyk gelýändigini aýtmak gerek. Parahatçylykda ýaşamak, goňşyňa ynanmak we ýardam elini uzatmak islegi milletimize mahsus aýratynlykdyr. Hut şu ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlardaky üstünliklerimiz, beýleki döwletler bilen dostlukly syýasy, medeni we ykdysady gatnaşyklarymyz hemmämizi buýsandyrýar.
Leýli BÄŞEKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









