Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasynyň netijesinde türkmen döwleti gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar – iri halkara guramalar, abraýly sebit düzümleri, daşary ýurtlar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk köprülerini ýola goýup, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biri bolup durýar. Baky Bitaraplygymyz bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Ine, şeýle ýörelgeler esasynda ýurdumyz iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Şeýle guramalaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny hem-de Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşini görkezmek bolar. Ýurdumyz bu guramalara agza ýurtlar bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny yzygiderli ýygjamlaşdyrýar, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny alyp baryp, bilelikdäki iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
Mälim bolşy ýaly, şu hepdäniň ahyrynda Türkiýe Respublikasynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi türki dilli halklaryň hem-de umumy kökleri, taryhy we milli-medeni gymmatlyklary bolan ýurtlaryň arasynda jebislige hem-de bilelikdäki netijeli işe ýardam edýän möhüm ähmiýetli gurama öwrüldi. Bu halkara guramanyň 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy Türki Geňeşiň agzalary bolup durýar.
Türkmenistan döwletimiz Azerbaýjan Respublikasy bilen şu ýylyň ýanwar aýynda «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, gaýtdan işlemek we özleşdirmek hakynda Ähtnama gol çekmegi bolsa taryhy wakadyr. Şeýle hem bu taryhy resminama Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň hem ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu gurama şeýle resminamalaryň döwletleriň arasyndaky energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi.
Şeýle hem Türkmenistan döwletimiz bu guramanyň düzümindäki Azerbaýjan hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň arasyndaky üçtaraplaýyn duşuşyklara hem işjeň gatnaşýar. Gazagystan, Gyrgyzystan hem-de Özbegistan Respublikasy ýurdumyzyň Merkezi Aziýadan ýakyn goňşulary hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Mälim bolşy ýaly, bu döwletleriň Baştutanlary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyza özüniň ilkinji resmi saparyny, Gazagystanyň Prezidenti bolsa türkmen paýtagtyna özüniň döwlet saparyny amala aşyrdy. Saparlaryň barşynda köp sanly ylalaşyklara gol çekilmegi türkmen-gyrgyz hem-de türkmen-gazak hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykardy. Hormatly Prezidentimiziň oktýabr aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran sapary däp bolan türkmen-özbek döwletara gatnaşyklaryna täze itergi berdi.
Türkiýe Respublikasy barada aýdylanda bolsa, bu döwlet ýurdumyzyň esasy daşary syýasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Bu günki gün iki döwlet bilim, medeniýet, söwda we energetika ulgamlarynda, gurluşyk we aragatnaşyk pudaklarynda, dokma senagatynda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki okuw-bilim merkezleri hereket edýär, bilelikdäki ylmy maslahatlara we seminarlara, sergilere we forumlara gatnaşmak işi işjeň ýola goýuldy. Türkmenistan we Türkiýe Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hem möhüm hyzmatdaş bolup durýarlar.
Umuman, Türkmenistan döwletimiziň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy sebit derejesindäki netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolmak bilen, biziň ýurdumyzyň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Şatmuhammet MEREDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.