8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň
Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry hä­zir­ki wagt­da hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da, «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan iş­le­riň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry yzy­gi­der­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da düý­bi tu­tul­ýan tä­ze, döw­re­bap şä­her­çe hem mu­nuň bir my­sa­ly­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň uça­ry Ma­ry şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ge­lip gon­dy. Bu ýer­de hormatly Prezidentimiz mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy. Soň­ra Arkadagly Gahryman Serdarymyz we­la­ýa­tyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry­na to­ma­şa et­di. Aý­dym-saz­ly çy­kyş­dan soň­ra, döwlet Baştutanymyz di­ku­çar­da tä­ze, döw­re­bap şä­her­çä­niň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne bar­dy. Da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­rin­de uly ru­hu­be­lent­lik ýag­da­ýy eme­le gel­di. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi, halk köp­çü­li­gi bar.
Ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­ky­şy da­ba­ra aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy. Soň­ra hormatly Prezidentimiz da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­rin­de ýö­ri­te gur­na­lan mej­lis­ler za­ly­na ba­ryp, Ýo­lö­ten et­ra­by­nyň Ymam­ba­ba ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­de tä­ze, döw­re­bap şä­her­çä­niň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li çy­kyş et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­myz­da giň ge­rim­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, tä­ze, döw­re­bap şä­her­le­riň, şä­her­çe­le­riň we oba­la­ryň, se­na­gat des­ga­la­ry­nyň, önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň yzy­gi­der­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­lö­ten et­ra­by­nyň Ymam­ba­ba ge­ňeş­li­gin­de tä­ze, döw­re­bap şä­her­çä­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li hem­me­le­ri tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Ge­çen ýyl Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da Döw­let­li me­kan, Ka­ka et­ra­byn­da Bagt­ly za­ma­na oba­la­ry­nyň, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­ra­byn­da Bi­ta­rap­lyk şä­her­çe­si­niň açyl­ma­gy hal­ky­myz üçin uly sow­gat bol­dy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da hem ra­ýat­la­ry­myz üçin iň amat­ly ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni dö­ret­mek, ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Bu gün­ki düý­bi tu­tul­ýan tä­ze, döw­re­bap şä­her­çe­de-de äh­li amat­ly şert­ler dö­re­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan gu­rul­jak tä­ze şä­her­çe 800 gek­tar­dan gow­rak meý­da­ny öz içi­ne alar. Ýo­lö­ten et­ra­byn­da­ky tä­ze şä­her­çe­de je­mi 22 müň 500-den gow­rak ila­ta ni­ýet­le­nen 4 müň 500 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy bi­na edi­ler. Bu jaý­lar­da adam­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin amat­ly şert­ler dö­re­di­ler. Şeý­le hem bu ýer­de Ge­ňe­şiň eda­ra bi­na­sy, or­ta mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry, sag­lyk mer­kez­le­ri, me­de­ni­ýet öýi, met­jit gur­lup ulan­ma­ga ber­ler. Tä­ze şä­her­çe­de döw­re­bap dur­muş üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry he­re­ket eder. «Şeý­le­lik­de, ýe­ne-de az wagt­dan Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­lö­ten et­ra­byn­da ýa­şa­mak üçin äh­li şert­le­ri bo­lan tä­ze şä­her­çe bi­na edi­ler. Tä­ze şä­her­çä­niň gu­rul­ma­gy ýur­du­myz­da bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy ug­run­da tu­tum­ly iş­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň gör­ke­zer» di­ýip, hormatly Prezidentimiz aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň beý­le­ki we­la­ýat­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hem dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni, bu ýer­de kuw­wat­ly se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň yzy­gi­der­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän­di­gi­ni, ýa­kyn gün­ler­de bol­sa mö­hüm äh­mi­ýet­li ta­ry­hy tas­la­ma­nyň – «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň dör­dün­ji tap­gy­ry­na ba­dal­ga be­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.
«Biz gel­jek­de hem ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, döw­re­bap des­ga­la­ry gur­mak, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­ri üs­tün­lik­li do­wam et­di­re­ris. Bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz hal­ky­my­zyň, her bir maş­ga­la­nyň, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­lö­ten et­ra­byn­da döw­re­bap, tä­ze şä­her­çä­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi bi­len hem­me­le­ri ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Soň­ra bu ýer­de tä­ze gu­rul­jak döw­re­bap şä­her­çe ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­ýän wi­deo­şe­kil­ler gör­ke­zil­di. Soň­ra Ýo­lö­ten et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­la­ry ho­şal­lyk söz­le­ri bi­len çy­kyş et­di­ler.
Çy­kyş­lar ta­mam­la­nan­dan soň­ra, döwlet Baştutanymyz kör­pe­le­riň ha­ýy­şy bo­ýun­ça tä­ze des­ga­nyň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy my­na­sy­bet­li ýa­dy­gär­lik ýaz­ga gol çek­di. Soň­ra döwlet Baştutanymyz ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dy­ry­lan gu­tu­jy­gy ýyg­na­nan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da tä­ze şä­her­çä­niň bin­ýa­dy­na at­dy. Hormatly Prezidentimiz döw­re­bap şä­her­çä­niň bin­ýa­dy­na il­kin­ji be­ton ga­ryn­dy­sy­ny at­dy hem-de hal­ky­my­zyň asyl­ly dä­bi­ne eýe­rip, bu be­ýik baş­lan­gy­ja ak pa­ta ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar hem des­ga­nyň düý­bü­ne be­ton ga­ryn­dy­sy­ny at­dy­lar.
Soň­ra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyn­dan ça­ga­la­ra sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Da­ba­ra ta­mam­la­nan­dan soň­ra, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem­me­ler bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, di­ku­çar­da Ma­ry şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di we bu ýer­den paý­tag­ty­my­za ug­ra­dy.
Şeý­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ma­ry we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan ne­ti­je­li iş­le­riň no­bat­da­ky aý­dyň be­ýa­ny bol­dy.
* * *
Şol gün Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­lö­ten et­ra­by­nyň Ymam­ba­ba ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­de tä­ze, döw­re­bap şä­her­çä­niň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li toý sa­da­ka­sy be­ril­di.