Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman tejribeleri işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary kemala getirildi.
Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlarynyň giň gerim bilen gurulmagy dowam edýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça hem toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar.
Ylym-bilim: «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we beýleki resminamalaryň kabul edilmegi bilimiň hil derejesini ýokarlandyrmaga gönüden-göni ýardam etdi. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň intellektual aň-düşünjeleriniň ylmyň täze gazananlaryna laýyklykda kemala gelmeklerinde uly mümkinçilikleri döredýär. Şu ýylyň dowamynda türkmen ýaşlary, ýagny mekdep okuwçylary hem-de talyplar bilim ulgamynda dürli derejedäki halkara medallaryň ýüzlerçesine mynasyp boldular. Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda ençeme halkara olimpidalar geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen Gruziýanyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, şeýle hem Russiýanyň hem-de Tatarystanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekildi.
Sport: Tamamlanyp barýan ýylda sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt görnüşi boýunça
8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netije gazandylar. Bu görkezijiler Watanymyzda bilime we sporta berilýän ünsüň netijesidir.
Saglygy goraýyş: Üstümizdäki ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda netijeli işler dowam etdirilip, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullar ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde saglyk öýi, Mary welaýatynda welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi.
Gülşirin ÇARYGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.
PDF









