Dünýä kartasynda özüniň ornuny syýasatda, ykdysadyýetde, sportda we beýleki ugurlarda has ynamly berkidýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gazanýan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri milli Liderimiziň alyp barýan adyl, parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň amala aşyrýan öňdengörüjilikli syýasaty Diýarymyzyň abraýyny halkara giňişlikde has-da belende galdyryp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşini şertlendirýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen ýö­rel­gä­ni saý­lap al­mak bi­len, döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy­nyň adam­dy­gy­ny, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­riň bol­sa türk­men hal­ky­nyň pa­ra­hat we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­dir­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly­lyk bi­len alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ňy­zyň baş we­zi­pe­si hem halk ba­ra­da­ky ala­da­dyr. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­le­riň, uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­riň esa­sy­ny düz­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry bi­len ba­dal­ga ber­len öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň kons­ti­tu­si­on hu­kuk bin­ýa­dy bar­ha ber­ke­ýär, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty art­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň se­bit we äh­lu­mu­my äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan iş­jeň gol­da­nyl­ýan­dy­gy gör­mek has buý­san­dy­ry­jy wa­ka­lar­dyr. Milli Liderimiziň yzy­gi­der­li dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ­ne­ti­je­sin­de, soň­ky ýyl­lar­da Aş­ga­ba­dyň keş­bi­niň düýp­gö­ter öz­ge­ren­di­gi­ni hem-de hä­zir­ki za­man de­re­je­de ös­ýän, ýa­şa­mak üçin örän amat­ly şä­he­re öw­rü­len­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek bo­lar. Esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy­ny bel­län Aş­ga­bat şä­he­ri ok­gun­ly ös­ýän ýur­du­my­zyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di.
Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­ny şan­ly wa­ka­lar, dö­re­di­ji­lik we zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len şöh­rat­lan­dyr­ýan «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly tä­ze des­ga­la­ryň aja­ýyp toý sow­ga­dy hök­mün­de da­ba­ra­ly açyl­ma­gy hal­ky­my­zyň be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan eziz Wa­ta­ny­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze bo­lan çäk­siz buý­san­jy­ny has-da be­len­de gö­ter­di.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti pa­jar­lap ös­ýär. Dün­ýä­de se­na­gat taý­dan ösen döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da ta­nal­ýan ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­ýär. Ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýän türk­men top­ra­gyn­da ulag, ne­bit­gaz, hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Di­ňe bir paý­tag­ty­my­zyň däl, eý­sem, we­la­ýat­dyr et­rap mer­kez­le­ri­mi­ziň, oba­dyr şä­her­çe­le­ri­mi­ziň keş­bi hem gün-gün­den gö­zel­leş­ýär. Ýa­şa­mak üçin has amat­ly, döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, ylym-bi­lim ojak­la­ry­nyň, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň ýo­ka­ry dep­gin­ler­de gu­rul­ma­gy döw­le­ti­miz­de adam ba­ra­da­ky ala­da­nyň ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da oba ho­ja­ly­gyn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­re ba­dal­ga ber­lip, bu wa­jyp ul­gam­da düýp­li öz­gert­me­le­ri, şol san­da ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi ga­za­nyl­dy. Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ha­lal zäh­met çek­ýän we bol ha­syl al­ýan kä­ren­de­çi­le­re ýer­le­ri uzak möh­let­le­ýin kä­ren­dä ber­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­di aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Umu­man, mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne bar­ýar. Ýur­du­my­zy ýag­ty er­tir­le­re alyp bar­ýan, hal­ky­my­zyň aba­da­n dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da gi­je-gün­diz ala­da ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag bol­ma­gy­ny, alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri­niň my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Şem­şat KLI­ÇO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-
gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.