Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň sungat ussatlygy barada aýdanlary
– Türkmen bagşyçylyk ýoly gadymyýetden gözbaş alýar. Elbetde, ses ýazgylary ýazylmadyk ussat bagşylaryň, gör, näçesi gelip-geçendir. Olar täsin ussatlyklaryny özleri bilen alyp gidipdirler. Ýöne olaryň sygnan ýeke-täk mekdebi bolan, ol hem halypa-şägirtlik mekdebidir. Ana, şol mekdepde olar öz labzynyň äheňlerini, kämil usullaryny miras goýupdyrlar.
Türkmen bagşyçylyk sungaty dünýä derejeli kämil tejribäniň eýesidir. Şonuň üçin hem dutarda döredilen mukamlarynyň ählisi ebedilige eýedir. Şol mukamlar hemişe halkyň kalbynda ýaşaýar. Çünki halk ol mukamlary ýüreginiň süzgüjinden geçirip, doly ykrar etdi. Şunda bolsa halypa-şägirtlik mekdebi aýdym-sazyň altyn hazynasydyr. Şol ýerde onuň baý gory arzylanyp saklanylýar. Asyrlardan-asyrlara beýik ussatlar tarapyndan aýdymlardyr mukamlar kämil derejede dowam etdirilipdir. Şonuň bilen birlikde, ol aýdym-sazlar täze heň öwüşginlerine gurşalandyr. «Kämilligiň çägi ýok» diýilse-de, ol mukamlar beýik ussatlar tarapyndan aňrybaş kämilligiň çür depesine çykarylandyr. Mysal üçin, «Goňurbaş» mukamy ýaly mukamlara hiç bir üýtgewiň ýa-da goşundynyň zerurlygy ýok. Olar iň kämil mukamlar bolup durýar. Ana, mukamlaryň şeýle ýokary kämilligi beýik ussatlaryň guýmagursak zehininden döreýär. Biz bu babatda halkymyzyň iki ussat bagşysy Magtymguly Garlyýewiň hem-de Sahy Jepbarowyň goýan öçmejek yzlary hakynda söhbet etsek ýerine düşer.
Bir gezek halypa bagşy Sahy Jepbarow Çuwal bagşa:
– Çuwal halypa, «Ýar gyrmyzy geýnipdiri» aýdýan welin, heý, bir alamat duýulýarmy? – diýip, öz janyny barlapdyr. Sebäbi ýokary derejede aýdylan aýdyma ýokary bahany diňe Çuwal bagşy ýaly ägirtler berip biler. Olar aýdymyň heňini, çeküwini, «jukguldysyny» niresinde nähili ulanmagy eşiden dessine bilýärler. «Ýar gyrmyzy geýinipdiri» Çuwal bagşynyň ýokary ussatlyk bilen gaýtalanmajak derejede halkyň ykraryýetinde baky sungat hazynasyna öwrendigini hemmeler bilýär. Çuwal bagşy ýylgyrýar-da, şeýle diýýär:
– Sahy jan, muňa men baha berip bilmen, oňa halk baha bersin. Käte halkyň garaýşy ussat bagşynyň aýdanyndan hem ýokarda durýar. Ýöne ilden ozal özüm aýtmaly bolsa, onda sen asmanda ganat açyp, gaýyp ýören aýdym – owaz döredipsiň. Pessaýlap uçýan guş basym ýere gonýar. Seniň aýdymyň welin, öz ganatynda saklanyp bilýär. Al-asmanda saklanýar-da, pelpelläp, çar ýana uçup, ýeri peýleýär. Peýleýär-de, ynsan kalbyna gonýar. Ana, şol gonan ýeri hem onuň ömürlik menzil-mekany bolýar.
Halypa-şägirtlik ýolunda şägirdiň her bir sazy-heňi öz ýüreginden geçirmegi gerek. Saz hem at çapan ýaly bir zat. Ussat çapyksuwar atyň ýüregini, çapuwyny duýmagy başarmaly. Sazanda ýa-da bagşy dutary ele alanda, sapyndan berk tutmaly. Şonda dutar: «Şu-ýa meni belende göterjeg-ow» diýip ynanýar. Ana, bagşydyr sazanda şol ynamy ödemeli. Şony ödese, sungat ony ekleýärem, saklaýaram. Halypa gyjakçy Ata Ablyýewiň aýdyşy ýaly, dutar senedi çalýandan eýmenmeli. Eýmense, belent labyzly owazlar döräberýär. Şonuň bilen birlikde, aýdýan aýdymyň içine girmeli, dünýäsine berilmeli. Özüňi owaz ummanyna oklasaň, onsoň, özüňçe ýüzübermeli. Ony bolsa diňleýji açyk görüp bilýär. Mysal üçin, dessançy bagşy «Görogly» eposyndan dessan aýdanda, bagşy – aýdym-saz sungatynyň wekili, keşbine girende bolsa, teatr sahnasynyň ussady bolup, halkyň ruhy dünýäsinde galýar. Sebäbi köpdürli sungat köpdürli islegi, onda-da ýazylyp-ýaýrap diňlenilýän ýaýrawy emele getirýär. Sahy halypa: «Özüň özüňi diňläp lezzet almasaň, diňleýjem senden lezzet almaz» diýerdi. Bagşynyň aýdymdaky wakalara, hatda duýgulara gatnaşygy möhüm şertdir. Ol şol aýdymda ýaşaýan owaz, heň, mukam bolmalydyr.
Türkmen aýdym-saz sungaty beýik sungatdyr. Gahryman Arkadagymyz milli aýdym-saz sungatymyza beýiklik hökmünde ýokary baha berýär. Bu hakykat dünýä ykraryýetinde hakyky beýanyny tapdy. Dünýä aýdym-sazynyň bir ülşüne öwrülen milli bagşyçylyk sungatymyz adamzadyň mukamly kalbynda baky ýaňlanyp durandyr.
Ýazga geçiren Akmyrat REJEBOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, dessançy bagşy.
PDF








