9-njy sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda başlanar.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzda «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzir oba zähmetkeşleriniň baş wezipesi ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 27-nji awgustda geçirilen mejlisinde bu barada aýtmak bilen, pagtaçylara we ähli daýhanlara ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan yhlasly zähmetlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça ekiljek ýerleriň umumy meýdany 620 müň gektara çenli giňeldildi. Bahar paslynda şunça ýere gowaçanyň «Ýolöten-7», «Daşoguz-120», «Daşoguz-144», «Serdar», «C-4727», «Ýolöten-39», «Jeýhun», «C-2606», «Ýolöten-14» orta we inçe süýümli görnüşleri ekildi.
Bu ekini ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar.
Umuman, ýurdumyz boýunça «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.
Ýygym möwsüminde «John Deere 9970» pagta ýygyjy kombaýnlaryň 1 müňüsi we «MX-1.8» tirkegli pagta ýygyjy maşynlaryň 500-si, çig maly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müňüsi, traktorlaryň 2 müň 370-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 714-si ulanylar.
Ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin ulanylýan tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki-hyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmakda ussatlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.
Pagtany maşyn bilen ýygmaga girişilmezden öň, gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliant zerur bolan mukdarda satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem, raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar.
Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 157-si, pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri hasylyň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky we Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky harmanhanalara we pagta arassalaýjy zawodlara üsti «ak altyndan» doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulularymyz pagta ýygymyna başlap berdiler. Olar milli Liderimiziň döwlet baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.