10-njy sentýabrda ýurdumyzda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alyp, oba hojalyk pudagynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde uly ähmiýete eýedir.
5-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz 10-njy sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişmäge ak pata berip, pagtaçylara we oba hojalyk zähmetkeşleriniň ählisine işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, «bismilla» bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.
Pagtaçylyk Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň howa şertleri pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin has amatlydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalyk pudagyna sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, tohumçylyga, pagtanyň ýokary hasylly görnüşlerini döretmäge aýratyn üns berilýär.
Döwrebap suwaryş ulgamlaryny döretmäge, oba hojalyk toplumynyň tehniki parkyny täzelemäge uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär, döwletimiz tarapyndan dünýäniň belli kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Şu gezekki ýygym möwsüminde hem meýdanlarda döwrebap kombaýnlar işlediler, pagtany daşamak üçin bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar, traktor tirkegleri ulanylar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymyny bökdençsiz geçirmek maksady bilen, tehnikalara gije-gündizleýin hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň we pagtaçylaryň netijeli işlemegi, dynç almagy üçin talabalaýyk şertler döredildi.
Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti «ak altyn» bilen doldurylan, baýdaklar, halylar hem-de şygarlar bilen bezelen ulaglaryň ilkinji kerwenleri gelip başlady. Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň, tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Pagtanyň bol hasylyny ýetişdiren öňdebaryjy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.