Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde hasyl toýy toýlanýar. Berekediň we bolçulygyň baýramy bolan bu toýuň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi ýurdumyzda daýhanlaryň, kärendeçileriň çekýän yhlasly zähmetlerine goýulýan sylag-hormatyň belentdigini görkezýär.
Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Kärendeçi daýhanlaryň bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmegi üçin ähli şertler döredilýär, ýokary hilli tohum, dökün, suw, zyýankeşlerden goraýan himiki serişdeler bilen doly üpjün edilýär, daşary ýurtlaryň iň kämil tehnikalary satyn alnyp, öňki bar bolan tehnikalaryň üsti ýetirilýär, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar wagtynda geçirilýär. Şular ýaly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýer eýeleri oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna, azyk bolçulygynyň döredilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzyň azyk üpjünçiligi oba hojalyk pudagynyň ösüşleri bilen baglanyşyklydyr. Daýhanlar diňe bir gowaça, bugdaý ýaly ekinleri ekip ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, gök-bakja ekinlerini, miweli ekinleri hem ösdürip ýetişdirip, döwletimizde azyk bolçulygyny döredýärler.
Türkmenistanyň şertleri gök we bakja ekinleriniň aglabasyny bütin ýylyň dowamynda ekip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda ekinleriň ýokary hasylly, yssa çydamly irki, aralyk we giçki görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ilaty ýylyň dowamynda bakja ekinleri bilen üpjün etmek üçin gawun-garpyzlaryň, kädileriň ir we giç ýetişýän görnüşleri ekilýär.
Oba hojalygyna öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrmak, her bir işe ylmy taýdan çemeleşmek geljekde oba hojalygynyň ösüşli menzillerini barha ýokarlandyrar. Ýer we suw serişdeleriniň, organiki we mineral dökünleriň rejeli peýdalanylmagy ýurdumyzyň her welaýatynyň toprak-howa şertleriniň we beýleki aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy bilen, oba hojalyk toplumynyň sebitleýin özleşdirilmegi, daýhan zähmetini ykdysady taýdan mynasyp höweslendirmek – bularyň ählisi ýurdumyzda ekerançylygyň ýokary medeniýetini kemala getirmäge mümkinçilik berýär.
Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Hasyl toýy mynasybetli dürli çäreleriň, maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegi berkarar Watanymyzda oba hojalyk pudagynda ýetilen belent sepgitleri giňden açyp görkezýär. Munuň özi kärendeçi daýhanlaryň çekýän yhlasly zähmetleriniň kemsiz ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
PDF









