Her ýylyň güýz paslynda ýurdumyzda Hasyl toýy uly ruhubelentlikde bellenip geçilýär. Oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan güýzki ýygym işleri üstünlikli tamamlanandan soň, ähli welaýatlarda we etraplarda halkymyz bu baýrama gatnaşýar. Hasyl toýy diňe bir oba hojalyk möwsüminiň üstünlikli tamamlanandygyny aňlatman, eýsem, halkymyzyň döredijilik ukybynyň, yhlasynyň, zähmetden tapylan berekediň şanyna tutulýan umumymilli baýramydyr.
Türkmen halky gadym döwürlerden bäri topragy mukaddes hasaplapdyr. «Toprak – rysgal çeşmesi», «Zähmetsiz bereket ýok» ýaly pähim-paýhasly sözler halkymyzyň ýaşaýyş ýörelgesiniň manysyny açyp görkezýär. Şonuň üçin hem Hasyl toýy diňe bir oba hojalyk işgärleriniň baýramy bolman, eýsem, ähli halkymyzyň zähmetiň we berekediň dabarasyna gatnaşýan, milli ruhuň janlanýan güni hökmünde giňden bellenilýär.
Daýhanlaryň, kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we oba hojalyk işgärleriniň arasynda geçen zähmet ýaryşlarynyň netijeleri jemlenýär, üstünlik gazanan ildeşlerimiz döwlet sylaglaryna, sowgatlara mynasyp bolýarlar. Bu ýagdaý halkymyzyň zähmete bolan söýgüsini has-da artdyrýar, ýaş nesillerde halal zähmetiň gymmatyny duýmak duýgusyny pugtalandyrýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Guşçulygy we maldarçylygy ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Agzybirlikde çekilen zähmetiň, pudagyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagynyň netijesinde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda oba hojalygyna aýratyn üns berlip, ekerançylyk ýerleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, suw hojalygyny gowulandyrmak, daýhanlary döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde ýurdumyzda ýylsaýyn bereketli hasyl ýygnalýar.
Bu baýramyň çäginde geçirilýän medeni çäreler hem aýratyn ähmiýete eýedir. Halkymyzyň milli oýunlary, aýdym-sazly çykyşlary, sungat ussatlarynyň çykyşlary Hasyl toýunyň dabarasyny artdyrýar. Sergilerde we baýramçylyk çärelerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde öndürilýän oba hojalyk önümleri görkezilýär.
Hasyl toýy halkymyzyň döredijilik ruhuny, topraga bolan söýgüsini, halal zähmetiň gadyr-gymmatyny we Watanymyzyň ösüşine bolan ynamyny dabaralandyryp, nesilleriň aňynda topragyň berekediniň halkyň bagtynyň çeşmesi bolup durýandygyny ýatladýan ähmiýetli baýram hökmünde öz ornuny hemişelik saklar.
Güljeren ŞAMYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









