Birinji jahan urşy döwründe iki awstraliýaly esgeriň ýazan haty Günbatar Awstraliýanyň kenarlaryndan tapylan çüýşäniň içinden çykdy. 1916-njy ýylyň 15-nji awgustynda ýazylan hat Warton-Biç plýažynda arassaçylyk işlerini geçip ýören maşgala tarapyndan tapyldy.

Hatyň awtorlary Adelaida şäherinden ugran “HMAT A70 Ballarat” gämisinde barýan esgerler Malkolm Newill we Wilýam Harlidir. Olar galam bilen ýazan hatlarynda ruhubelentlik bilen geljege umyt baglaýarlar. Newill bir ýyl soň frontda wepat bolýar, Harli uruşdan gaýdyp gelýär, ýöne 1934-nji ýylda uruşda galan ýaranyň netijesinde aradan çykýar.

Çüýşe bir asyrdan gowrak wagtlap çägäniň içinde ýatypdyr. Ýazgylar ýeterlik derejede oňat saklanyp galypdyr. Esgerleriň garyndaşlary bu tapyndyny gudrat diýip atlandyrdylar. Newill bilen Harliniň agtyklary bolsa bu açyşyň “ýüz ýyldan soň maşgalalaryny gaýtadan birleşdirendigini” aýtdylar.